«Türkmennebit» we «Tatneft» «Goturdepe» ýatagynda hyzmatdaşlyk hakynda goşmaça ylalaşyk baglaşylar
“Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Tatneft” jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda “Goturdepe” nebit ýatagynda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada baglaşylan şertnama boýunça Goşmaça ylalaşygy baglaşar.
Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi.
Wise-premýer şeýle hem «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Tatneft” jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda “Goturdepe” nebit ýatagynda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada baglaşylan şertnama boýunça Goşmaça ylalaşygy baglaşmak boýunça gepleşikler geçirildi. Özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça görlen çäreleriň netijesinde bu ugurda degişli ylalaşyklar gazanyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň esasy ulgamlarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ony öňdebaryjy pudaga öwürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýdyp, hödürlenen meseläniň düýpli seljerilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany nebitgaz toplumynyň netijeli işini üpjün etmegiň, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmaga we önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, ylmy gazanylanlary hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönüden-göni baglydygyny belledi.
Nebitgaz çykaryş ulgamynda «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «Tatneft» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk 13 ýyldan gowrak wagt bäri işjeň ösdürilýär we 2008-nji ýylyň 28-nji iýunynda Tatarystan bilen Türkmenistanyň arasynda degişli Ylalaşyk bilen berkidildi. «Goturdepenebit» nebitgazçykaryş müdirliginiň guýularynda geçirilen işlerden soň, türkmen nebitçileri «Tatneft» kompaniýasyndaky kärdeşleri bilen bilelikde olaryň abatlaýyşsyz iş möhletini 6 esse artdyrdylar. Goşmaça nebitiň ägirt köp mukdary alyndy.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.