Nebitiň bahalary ibermeler bilen bagly howatyrlanmalaryň çäginde ýedi ýyllyk rekordlaryny täzeleýär
Ýakyn Gündogardan nebit ibermeleriniň bökdençlik howpy zerarly çarşenbe güni nebitiň bahalary 2014-nji ýyldan bäri maksimum rekordlaryny täzeläp, ýokarlanmagyny dowam edýär diýip, Interfaks habar berýär.
Brent nebitiniň martdaky fýuçersleriniň bahasy ICE Futures biržasynda barreli üçin 88,36 dollara deň boldy, bu deslapky söwdalardakydan 0,97 göterim ýokarydyr. Sişenbe güni söwdalaryň netijeleri boýunça bu şertnamalar 1,2 göterim ýokarlanyp, 87,51 dollara ýetipdi.
WTI nebitiniň fýuçersleriniň bahasy Nýu-Ýorkuň elektron söwdalar biržasynda barreli üçin 86,41 dollara barabar bolup, öňküsi gündäkiden 1,15 göterim ýokarlandy.
Öňküsi gün nebitiň söwda belgileriniň ikisi hem 2014-nji ýylyň 13-nji oktýabyndaky maksimal görkezijilerde saklanypdy. Muňa FactSet-iň maglumatlary şaýatlyk edýär.
Bahalar ibermeleriň çäklendirilmegi we käbir OPEC ýurtlarynyň önümçiligini ylalaşylan görkezijilere ýetirmäge ukypsyzlygy zerarly dünýä bazarynda ýangyç ýetmezçiliginden howatyrlanmalar sebäpli ýokarlanýar diýip, Trading Economics ýazýar.
Şol bir wagtda sişenbeden çarşenbä geçilýän gijede Yragy we Türkiýäni birleşdirýän Kirkuk-Jeýhan iri nebit geçirijisinde partlama bolup geçdi, netijede turbageçirijiniň işi togtadyldy diýip, habar beriş serişdeleri belleýär. Partlamanyň sebäbi heniz anyklanylmady. Her günde nebit geçiriji boýunça 450 müň barrelden gowrak nebit daşalýardy.
«Ählumumy nebit bençmarklary ibermeleriň pes möçberleri baradaky çaklamalar we Ýakyn Gündogardaky dartgynlylyk bilen bagly kynçylyklar zerarly sekiz ýyl töweregi gözegçilik edilmedik derejelere göterilýär» diýip, Rystad Energy-niň nebit bazarynyň uly analitigi Luiza Dikson ýazýar.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.