Habarlar

Türkmen-koreý hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürilýär

https://www.ussatnews.com/storage/posts/273/original-15fbcdb6d489d7.jpeg

23-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi.

Onlaýn duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady, maýa goýum, nebitgaz we senagat ulgamlarynda hem-de maglumat tehnologiýalary, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalygy, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşyldy.

Toparyň agzalary bolan ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň syn beriş häsiýetli çykyşlarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan giň gerimli durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň mazmuny, dünýä ykdysadyýetine okgunly goşulyşýan Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri beýan edildi. Bellenilişi ýaly, häzir amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, baý tebigy serişdeler hem-de ägirt uly ykdysady we eksport mümkinçilikleri iki dostlukly döwletiň hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek üçin uly geljegi açýar.

Koreýa Respublikasynyň wekilleri ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaş hökmünde abraýa eýe bolan ýurdumyz bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga giňden gyzyklanmalaryny beýan edip, türkmen bazarynyň özüne çekijidigini bellediler. Nygtalyşy ýaly, işewür toparlaryň wekilleriniň gyzyklanmasynyň artmagyna köp babatda daşary ýurt maýasy üçin has amatly şertleriň döredilmegi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan iň oňat dünýä tejribesini we innowasion tehnologiýalary çekmäge gönükdirilen “Açyk gapylar” syýasaty ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, gaz we nebithimiýa, himiýa pudaklarynda, elektroenergetikada, oba hojalygynda hem-de beýleki pudaklarda ýerli çig maly gaýtadan işlemäge esaslanan ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmekde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.

Birnäçe ýyllaryň dowamynda koreý kompaniýalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda üstünlikli işleýärler. Olaryň gatnaşmagyndaky iri taslamalaryň hatarynda “Galkynyş” gaz käninde tebigy gazy kükürtden arassalamak boýunça zawody gurmak, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmak, Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny bina etmek taslamalary boldy.

Koreý tarapyndan toparyň agzalary netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmäge hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan milli we sebit ähmiýetli möhüm taslamalara has işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny nygtadylar. Hususan-da, “Demirgazyk — Günorta” we “Gündogar — Günbatar” ugurlary boýunça multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek hem-de bu ulgamyň düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlary esasynda ulag ulgamynda gatnaşyklaryň geljegi uly görünýär.

Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda ýurdumyzyň jemgyýetçilik ulaglarynyň agramly bölegini eýýäm Koreýada öndürilen awtobuslar we awtomobiller düzýär, şolaryň getirilmegi geljekde-de dowam eder.

Şeýle hem geljegi uly birnäçe beýleki ugurlarda, şol sanda gurluşyk ulgamynda, dokma senagatynda, aragatnaşykda, medeniýet, ylym, bilim, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda, suw serişdelerini dolandyrmakda we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy dowam etmäge özara gyzyklanma bildirildi.

Taraplar ýakyn işewür gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyny belläp, 2021-nji ýylda Seul şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň 4-nji mejlisini geçirmek baradaky meseleleri-de ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, iki ýurduň haryt-çig mal biržalarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, yzygiderli esasda sergileri, maslahatlary, işewür duşuşyklary we forumlary geçirmek teklip edildi.

Onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar gazanylan ähli ylalaşyklaryň iki döwletiň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine köptaraply türkmen-koreý gatnaşyklaryny giňeltmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Mejlisiň netijeleri boýunça Teswirnama gol çekildi.

Ussat news

Başga habarlar
16a9d1742084d7.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.

16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.


16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.