Türkmenistanda wodorod energetikasy ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça «Ýol kartasy» işlenip düzüldi
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» taslamasyny hödürledi.
Resminama wodorod energiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak we pugtalandyrmak hem-de ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilen, döwrebap tehnologiýalar esasynda işleýän we eksporta gönükdirilen milli wodorod energetika pudagyny döretmek bilen bagly giň strategik maksatlary we çäreler toplumyny öz içine alýar.
Hususan-da, munuň özi Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik (IRENA), Halkara Energetika agentligi, Halkara Energetika Hartiýasy, Atom energiýasy boýunça halkara agentlik we beýleki halkara guramalar bilen geljekde hem hyzmatdaşlygy netijeli dowam etmek we bu işleriň çäklerinde IRENA-nyň Türkmenistanda wodorod energiýasy boýunça merkezini açmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek teklibi bilen baglanyşyklydyr.
Türkmenistanyň wodorod energiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň syýasy-hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly işleri durmuşa geçirmek, hususan-da, Türkmenistanyň wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça milli strategiýasyny işläp taýýarlamak hem-de bu işe halkara bilermenleri çekmek teklip edilýär.
Ýurdumyzda wodorod energetika pudagyny döretmek we ösdürmek maksady bilen, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de bu ugurda halkara ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Bu babatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Wodorod energiýasy boýunça merkezi döretmek teklip edilýär. Bu merkeziň esasy maksatlarynyň biri wodorod energiýasyny öndürmek we ulanmak boýunça ýurdumyzda synag taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly teklipleri taýýarlamakdan ybarat bolar.
Energiýa serişdeleriniň bu görnüşini öndürmek, saklamak we ony daşamak üçin degişli düzümleriň döredilmegi hem-de oňa uly möçberde maýa goýumlaryň çekilmegi bilen bagly işleri geçirmek zerur bolup durýar. Şu maksat bilen, Türkmenistanda wodorod energetika pudagyny ösdürmek boýunça Pudagara iş toparyny döretmek teklip edilýär.
Mundan başga-da, bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek we tejribe alyşmak babatda Ýaponiýa, Russiýa Federasiýasy, Koreýa Respublikasy, Beýik Britaniýa ýaly döwletleriň degişli edaralary bilen geňeşmeleri ýola goýmak göz öňünde tutulýar.
Prezident hasabaty diňläp we hödürlenen teklipleri, umuman, makullap, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary, şol sanda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady. Alternatiw energetika bu ugurda milli strategiýany durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.
Ýurdumyzda onuň çeşmelerinden netijeli ulanmak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge we ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, geljegiň ýangyjy hökmünde wodorod şol çeşmeleriň biri bolup durýar. Ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy meseleler babatda wodorody öndürmek we ony ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek aýratyn möhümdir.
Türkmen Lideri Türkmenistanyň pes uglerodly, hususan-da, wodorod energiýasy ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça yzygiderli çäreleri görjekdigini nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady.
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
12-nji martynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Türkmenabatda kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň döredijilik agşamy geçiriler
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde 11-nji martda Türkmenistanyň halk artisti, M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, alym, pedagog, görnükli kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň (1946-2025) hatyrasyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirler.
Balkanabatda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşurldy
Halkara zenanlar günine bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň her bir künjeginde bolşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem şatlykly dabaralaryň bady tutulýar.
Türkmen şahyrlary Burýatiýanyň edebi neşirinde
Ýaňy-ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Burýatyýa Respublikasynyň milli kitaphanasy tarapyndan neşir edilýän «Северо-Муйские огни» atly awtorlyk edebi žurnalyň N122 (2026-njy ýyldaky 1-nji sany) okyjylara gowuşdy.