Habarlar

Türkmenistanyň, Pakistanyň we Hindistanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2741/original-161f1852d08fcc.jpeg

Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek meseleleri Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistandan kärdeşi Subramanýam Jaýşankar we Pakistandan Şah Mahmud Kureýşi bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Hususan-da, Türkmenistanyň we Hindistanyň DIM-niň ýolbaşçylary soňky ýyllarda ýokary döwlet derejesinde, ilkinji nobatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind hem-de Premýer-ministri Narendra Modi bilen duşuşyklarynyň we telefon arkaly gepleşikleriniň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýakyn geljekde durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny belläp geçdiler.

Bu ugurda ministrler Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň depgini barada pikir alyşdylar hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejede bu hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigini nygtadylar.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ýakyn günlerde wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek ilkinji “Merkezi Aziýa-Hindistan” Sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere hem aýratyn üns berdiler.

R.Meredow Pakistanyň daşary işler ministri bilen geçiren telefon arkaly gepleşiklerinde şu ýylyň 22-23-nji martynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde geçiriljek Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky 48-nji mejlisine görülýän taýýarlyklar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň çözgüdinde özara hereketleriň pugtalandyrylmagy babatynda bu forumyň möhüm ähmiýetini belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň käbir meselelerine hem seredilip geçildi. Ýokary döwlet derejesindäki gepleşikleriň, ilkinji nobatda 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwiniň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa ornaşdyrylmagynyň derwaýyslygy nygtaldy.

Şu nukdaýnazardan, ministrler Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijileriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan iş ýüzündäki meselelere aýratyn üns berdiler.

Başga habarlar
169b64ad366257.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady.


169b5a626b99eb.jpeg
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

12-nji martynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.


169ad82a1b73f3.jpeg
Türkmenabatda kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň döredijilik agşamy geçiriler

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde 11-nji martda Türkmenistanyň halk artisti, M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, alym, pedagog, görnükli kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň (1946-2025) hatyrasyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirler.

169ad70095fa7d.jpeg
Balkanabatda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşurldy

Halkara zenanlar günine bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň her bir künjeginde bolşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem şatlykly dabaralaryň bady tutulýar.


169ad53540e2a5.jpeg
Türkmen şahyrlary Burýatiýanyň edebi neşirinde

Ýaňy-ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Burýatyýa Respublikasynyň milli kitaphanasy tarapyndan neşir edilýän «Северо-Муйские огни» atly awtorlyk edebi žurnalyň N122 (2026-njy ýyldaky 1-nji sany) okyjylara gowuşdy.