Milli Liderimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitaby koreý dilinde neşir edildi

8-nji fewralda, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýän gününde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň koreý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Çärä gazet-žurnallaryň redaktorlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professorlary we mugallymlary, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sungçul Şin çärede çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň koreý dilinde neşir edilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini ýene-de bir gezek tassyklaýandygyny hem-de däp bolan özara bähbitli döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşjakdygyny belledi.
Dabara sanly ulgam arkaly “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň hem-de “Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa ýurtlary” Dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda bu wakanyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde, şol sanda ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlaryny ösdürmekde wajypdygyny bellediler.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eseriniň türkmen halkynyň taryhy ýoluny has giňişleýin öwrenmäge, onuň milli-medeni özboluşlylygy bilen tanyşmaga, türkmen halkynyň dünýäniň ylmy, ykdysady we medeni ösüşine goşan goşandyna has giňişleýin düşünmäge mümkinçilik berýändigini nygtadylar.
Şeýle hem iki ýurduň däp-dessurlaryny gorap saklamak babatda garaýyşlarynyň gabat gelýändigi hem-de Türkmenistanyň we Koreýanyň gadymy medeniýetli hem-de baý milli däp-dessurlary bolan ýurtlardygy bellenildi. Iki halkyň dünýägaraýşynda däp-dessurlara bolan sylag-hormat hem-de wepalylyk bar. Dostlukly döwletleri mirasa daýanyp, geçen nesilleriň tejribesini we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak bilen, şol bir wagtyň özünde ösüşiň innowasiýa ýoly bilen öňe gitmäge ymtylma birleşdirýär.
Giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen bu kitap, medeniýeti öwrenijiler üçin hem aýratyn gymmatlydyr. Bu eser milli medeniýet baradaky maglumatlaryň ulgamlaşdyrylan jemi däl-de, eýsem, ösen jemgyýetiň esasyny düzýän, onuň ynsanperwerlik binýady baradaky eserdir.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler hem-de milli Liderimize alyp barýan köpugurly işleri, şol sanda mähriban halkymyzyň ruhy-ahlak däplerini gorap saklamak we ösdürmek boýunça taýsyz tagallalary üçin hoşallyklaryny beýan etdiler. “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek işinde gymmatly kitapdyr.
Şu çäräniň çäklerinde ýokary okuw mekdebiniň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyryldy. Sergide hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly meşhurlyga eýe bolan düýpli eserleri, şeýle hem talyplaryň ylmy işleri görkezildi. Dabara ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň döredijilik çykyşlary bilen tamamlandy. Talyplar türkmen we koreý halk saz gurallarynda ussatlyk bilen saz çaldylar.

Türkmenistanyň TEIF 2025 halkara maýa goýum forumy öz işine başlady
2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde günüň ikinji ýarymynda Malaýziýanyň paýtagtynda Kuala-Lumpur maslahat merkezinde (KLCC) Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy – TEIF 2025-iň açylyş dabarasy geçirildi.

Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlaýar
Şu gün Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum başlaýar. Forumyň guramaçylary bolup, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Türkmen energiýa forum” HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.

Serdar Berdimuhamedow TEIF 2025 halkara forumyna gatnaşyjylara gutlag iberdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji aprelde Kuala-Lumpur şäherinde öz işine başlan Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi.

Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy.

Türkmenistan we Ýaponiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürýär
15-nji aprelde Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.