Habarlar

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2868/original-1620a14f740435.jpeg

12-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen mejlisinde beren tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň Konstitusiýasyna hem-de kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmek gün tertibiniň esasy meselesi boldy.

Mejlise Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň, onuň ýanynda döredilen iş toparynyň agzalary, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň işiniň barşynda ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi doly goldaýandygyny aýdyp, ýönekeý bolmadyk netijä gelendigi we özüniň toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribesini mundan beýläk Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýändigini habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Mejlisiniň karary bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddasyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmek bellenildi. Kodeksiň bu maddasy möhletinden öň saýlawlary geçirmek bilen baglanyşyklydyr.

Şeýlelikde, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar 2022-nji ýylyň 14-nji fewralyndan başlap, birnäçe tapgyrlary — dalaşgärleri hödürlemegi, olary hasaba almagy, saýlawçylar bilen duşuşyklary we beýlekileri öz içine alýan saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan edýär.

Şu günki mejlisde saýlawlara taýýarlyk görmek hem-de olary geçirmek boýunça çäreleriň senenamalaýyn meýilnamasy tassyklanyldy.

Şonuň ýaly-da, öňde durýan möwsümiň guramaçylyk meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň geçirilişine diňe bir syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň milli synçylary däl, eýsem, halkara bilermenler we synçylary hem syn ederler.

Bellenilişi ýaly, toparyň agzalarynyň öňünde aýratyn jogapkärçilik durýar, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň üstünlikli geçirilmegi köp babatda olaryň takyk hem-de sazlaşykly işine baglydyr. Mejlise gatnaşyjylar olaryň esasy wezipesiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde durýan saýlawlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde, ýurdumyzyň hereket edýän saýlaw kanunçylygyna hem-de halkara hukugyň kadalaryna berk laýyklykda geçirmek üçin ähli tagallalary etmekden ybaratdygyny biragyzdan nygtadylar.

Şu gün giň möçberli işe badalga berildi, ol tassyklanan senenamalaýyn meýilnama laýyklykda yzygiderli geçiriler. 14-nji fewraldan bolsa syýasy partiýalar hem-de raýatlaryň teklipçiler toparlary ýokary döwlet wezipesine özleriniň dalaşgärlerini hödürlemek boýunça ýygnaklary geçirip başlarlar.

Mejlisde aýdylan habarlar göz öňünde tutulyp hem-de saýlawlary geçirmek boýunça mundan beýläkki wezipelerden ugur alnyp, beýleki meselelere hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Başga habarlar
169b64ad366257.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady.


169b5a626b99eb.jpeg
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

12-nji martynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.


169ad82a1b73f3.jpeg
Türkmenabatda kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň döredijilik agşamy geçiriler

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde 11-nji martda Türkmenistanyň halk artisti, M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, alym, pedagog, görnükli kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň (1946-2025) hatyrasyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirler.

169ad70095fa7d.jpeg
Balkanabatda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşurldy

Halkara zenanlar günine bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň her bir künjeginde bolşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem şatlykly dabaralaryň bady tutulýar.


169ad53540e2a5.jpeg
Türkmen şahyrlary Burýatiýanyň edebi neşirinde

Ýaňy-ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Burýatyýa Respublikasynyň milli kitaphanasy tarapyndan neşir edilýän «Северо-Муйские огни» atly awtorlyk edebi žurnalyň N122 (2026-njy ýyldaky 1-nji sany) okyjylara gowuşdy.