Habarlar

Agajan Bekmyradow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlenildi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2888/original-1620ce0bcd625a.jpeg

15-nji fewralda Aşgabatda, Oba hojalyk toplumynyň binasynda ýurdumyzyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary IV gurultaýy geçirildi, onuň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäri hödürlemek meselesi girizildi. Gurultaýa jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Gurultaýa gatnaşyjylaryň gyzyklanma bildirip pikir alyşmalarynyň barşynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowy hödürlemek baradaky teklibe garaldy.

Şunuň bilen baglylykda, Agrar partiýanyň nobatdan daşary gurultaýyna gatnaşyjylar Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzyň hem-de halkymyzyň ykbaly üçin jogapkärçiligi öz üstüne almaga ukyply ýaş ýolbaşçylary öňe sürmek barada aýdan pikirleriniň möhümdigini bellediler.

Çykyş edenler A.Bekmyradowyň ýolbaşçylyk we guramaçylyk başarnyklaryny, onuň hormata mynasyp hünärini we şahsy häsiýetlerini bellediler.

Agajan Bekmyradow 1995-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlap, inžener-gurluşykçy hünärini ele aldy. Ol dürli ýyllarda Mary welaýatynyň etraplarynyň häkimliklerinde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Wekilbazar etrap mejlisinde, bu etrabyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşmesinde işledi. 2017-nji ýylyň aprel aýyndan bäri A.Bekmyradow Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinde işleýär.

Ýokarda beýan edilenlerden ugur alyp, gurultaýa gatnaşyjylar ony ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemek baradaky çözgüdi kabul etdiler.

Çykyşlar we ses bermek tamamlanandan soňra, degişli karar biragyzdan kabul edildi.

Öz nobatynda A.Bekmyradow üstüne ýüklenilen uly jogapkärçilige düşünýändigini hem-de bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

Öňde duran saýlawlary möhletinden öň geçirmek babatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddasyna laýyklykda, Milli Geňeşiň Mejlisiniň karary bilen ýurdumyzda Prezident saýlawlaryny 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirmek bellenildi.

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar şu ýylyň 14-nji fewralyndan saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan etdi. Ozalkylary ýaly, açyklyk, demokratik we giň bäsdeşlik esasynda geçirilmegi bu jemgyýetçilik-syýasy möwsümiň esasy şerti bolup durýar.

Milli kanunçylyga we halkara tejribä laýyklykda, ähli dalaşgärlere saýlawçylar bilen duşuşmak, saýlawlaryň öň ýanynda olary maksatnamalary bilen tanyşdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen wagyz-nesihat çärelerini geçirmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berilýär.

Saýlaw möwsümine taýýarlyk görmek we ony ýokary guramaçylyk derejesinde, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde boljak saýlawlary türkmen halkynyň mizemez bitewüligini, agzybirligini, döwletimiziň we jemgyýetimiziň halkymyzyň şöhratly taryhyndan gözbaş alýan we häzirki döwürde mynasyp derejede dowam etdirilýän demokratik ýörelgelere üýtgewsiz ygrarlylygyny has aýdyňlygy bilen äşgär eder.

Başga habarlar
16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.