Habarlar

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerine

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2904/original-1620fea53bb905.jpeg

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň hormatly işgärleri!

Sizi Watanymyzda her ýyl giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň milli bähbitlerini halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp üpjün edýän we goraýan ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri öňde goýlan belent wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek ugrunda ýadawsyz we döredijilikli zähmet çekýärler. «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylda hem döwletimiziň halkara abraýyny we oňyn täsirini güýçlendirmek üçin ýetilmeli sepgitler kesgitlenildi. Aýratyn hem sebit we halkara gatnaşyklarda syýasy diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmekde siziň mynasyp goşandyňyzy goşjakdygyňyza berk ynanýaryn.

Hormatly diplomatlar!

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji ädimlerinden başlap, halkara gatnaşyklarda we daşary syýasatda bitaraplyk, deňhukuklylyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýaly binýatlyk ýörelgeleri saýlap aldy. Geçen ýyllaryň dowamynda döwletimiziň daşary syýasaty Türkmenistanyň milli bähbitlerine we Birleşen Milletler Guramasynyň esas goýujy maksatlaryna doly laýyk gelýändigini iş ýüzünde subut etdi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy we onuň Türkmenistanyň Hökümeti bilen netijeli işlemegi hem Bitaraplygyň parahatçylygy dörediji güýjüniň aýratyn ähmiýetini giňden açyp görkezýär.

Ýurdumyzyň halkara ähmiýetli teklipleriniň we ählumumy häsiýete eýe bolan başlangyçlarynyň esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ulgamyndaky möhüm Kararnamalaryň uly toplumynyň kabul edilmegi döwletimiziň bu abraýly gurama bilen strategik hyzmatdaşlygynyň netijeli mazmuna eýediginiň nyşanydyr.

2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda paýtagtymyzda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyň barşynda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara giňişlikdäki ähmiýetini has-da artdyrjak «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze başlangyç beýan edildi. Halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde çuňňur mazmunly bu teklip dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanylýar. Bu bolsa Bitaraplygyň mizemez ýörelgeleriniň dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň has-da kämilleşdirilmegine itergi berýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri!

Döwletimiziň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen birlikde, häzirki wagtda energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa, ýokary tehnologiýaly «ýaşyl» ykdysadyýet, medeni-ynsanperwer ulgam ýaly ähmiýetli ugurlarda iri halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda zerur şertler döredilýär.

Hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy uzak möhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur bolan ähmiýetli mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendir. Bu babatda döwletara we hökümetara derejelerde syýasy diplomatik, halkara hukuk we söwda-ykdysady geňeşmeleriň netijeli gurallaryny işe girizmekde ýurdumyzyň diplomatik gullugyna uly talap bildirilýär.

Golaýda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» ugur alyp, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň daşary syýasatymyzda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi arkaly bütin adamzat dünýäsiniň gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge çagyrýan nusgalyk syýasatymyzyň giňeldilmegine, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da belende göterilmegine işjeň gatnaşjakdygyna ynanýaryn.

Ýurdumyzyň milli bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramakda we halkara gatnaşyklar ulgamyndaky belent abraýyny artdyrmakda döwletimiziň diplomatik gullugynyň öňde goýlan möhüm wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirjekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly diplomatik gullugyň işgärleri!

Size berk jan saglyk, abadançylyk we döwletimiziň milli bähbitlerini goramak hem-de dünýä derejesindäki abraýyny has-da artdyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Başga habarlar
16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.