MST Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek boýunça 6 sany teklipçi topary bellige aldy
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi topar 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlary boýunça dalaşgärleri hödürleýän alty sany teklipçi topary bellige aldy diýip, guramanyň saýty habar berýär.
«Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň №46 maddasyna laýyklykda, Merkezi saýlaw topary tarapyndan 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgärleri öňe sürýän raýatlaryň teklipçi toparlarynyň altysy bellige alyndy we olar gol ýygnamaga başladylar» diýlip MST-niň habarynda aýdylýar.
Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine iki dalaşgär bellige alyndy. Demokratik partiýadan — wise-premýer Serdar Berdimuhamedow, Agrar partiýadan — Mary welaýatynyň häkimi Agajan Bekmyradow.
Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, ussat halypa Ata Akbäbäýewiň hormatyna…
Ýakynda Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda Mary şäherindäki iňlis dili we ynsanperwerçilik ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, ussat mugallym Ata Akbäbäýewiň ömrüne, döredijiligine we pedagogik mirasyna bagyşlanan “Ata Akbäbäýew - halypa-şägirtlik mekdebiniň beýik ägirdi” atly ýatlama çäresi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny baýramçylyk bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny baýramçylyk bilen gutlady.
SAGDYN DURMUŞ — BAGTYÝAR GELJEK
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
“Ekologiýa abadançylygy – zeminiň gözelligi” atly çäre geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda “Ekologiýa abadançylygy – Zeminiň gözelligi” atly eko-kwest aksiýasy geçirildi. Bu barada jemgyýetçilik guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy
5-nji maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.