Habarlar

Russiýanyň we Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitiniň gün tertibini maslahatlaşdylar

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2983/original-1621c8428e7168.jpeg

22-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde rus kärdeşli Sergeý Lawrow bilen 2022-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitiniö gün tertibini maslahatlaşdylar.

«Aşgabatda Altynjy Hazar sammitine taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyra çykýar. Şu ýyl myhmansöýer Türkmenistanda ýygnanyp, häzirki wagtda gepleşikler derejesindäki çözgütleri kabul edip bileris diýip umyt edýäris» diýip, Lawrow belledi.

Duşenbe güni geçirilen iş maslahatynyň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow R.Meredowa Türkmenistanda hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI Hazar sammitine taýýarlyk we ony geçirmek bilen bagly meseleleri öwrenmegi tabşyrdy.

Öň, VI Hazar sammitini Türkmenistanda 2021-nji ýylda geçirmek meýilleşdirilýärdi. Emma soňra sammit 2022-nji ýyla süýşürildi.

Başga habarlar
16a9d1742084d7.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.

16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.


16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.