Habarlar

Ýewropada gazyň bahalary ýylyň başyndan bäri iň ýokary derejesine çykdy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/3019/original-162235851b9281.jpeg

Çarşenbe güni gündiz Ýewropada gazyň spotlaýyn bajalary sişenbe güni söwdalaryň ýapylýan wagty bilen deňeşdirilende, 29% ýokarlandy diýip, Interfaks habar berýär.

TTF habynda iň ýakyndaky fýuçersiň (aprel) bahasy müň kub metrine 1828 dollara deň boldy. Sişenbe güni bu görkeziji 1418 dollardy diýip, ICE Futures biržasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär.

Bu ýylyň başyndan bäri iň ýokary derejedir. 2021-nji ýylyň 21-nji dekabrynda taryhy rekord baha hasaba alyndy. Şonda gazyň bir müň kub metriniň bahasy 2138 dollara barypdy. Häzirki depginler bilen bu görkezijä ýetmäge az galdy.

TTF-iň fewral üçin ortaça bahasy 935 dollar derejesinde saklandy.

Ukraina bilen bagly çylşyrymly syýasy ýagdaýlardan başga-da, bu hepdede Ýewropada howanyň temperaturasynyň aşaklamagy hem-de energiýanyň dikeldilýän çeşmeleriniň hasabyna — ýel energetikasynyň hasabyna elektrik energiýasynyň işlenilip taýýarlanmasynyň düýpli azalmagyna gözegçilik edilýär.

Başga habarlar
16a9d1742084d7.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.

16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.


16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.