Köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly at dakyldy şeýle hem täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy
7-nji martda paýtagtymyzda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Şolaryň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleri hormatlamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara “Ene mähri” diýen hormatly at dakyldy. Şeýle hem köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy.
Şu gün ýurdumyzyň zenanlary işine jogapkärçilikli çemeleşýän hem-de başlangyçlar bilen çykyş edýän ýolbaşçylardyr we alymlardyr, mugallymlardyr hem-de lukmanlardyr, deputatlardyr we diplomatlardyr. Ýöne, şunuň bilen birlikde, olar ilkinji nobatda, mähirli enelerimiz, uýalarymyz, gyzlarymyz, öý hojalykçylarymyz bolmagynda galýar.
Şu günki dabaralar baýramçylyk çäreleriniň hatarynda ýatdan çykmajak waka boldy. “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary bilen geçýän ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, türkmenistanly zenanlaryň 300-e golaýyna “Ene mähri” diýen hormatly at dakyldy. Bu at enäniň jemgyýetimiziň we döwletimiziň öňünde bitiren hyzmatlarynyň, zenanlaryň Watanymyzyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandynyň ykrar edilmeginiň beýik nyşanydyr.
Köp çagaly maşgalalary goldamaga, şol sanda olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga döwletimiz aýratyn üns berýär. Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalar ýokary amatlyklary bolan täze öýlere eýe boldular hem-de uly ruhubelentlik bilen jaý toýlaryny toýladylar.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň ähli zenanlarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, bagtyýar durmuş üçin ähli şertleriň döredilýändigi, ösüp gelýän ýaş nesiller barada alada edilýändigi, jemgyýetimizde belent ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň goralyp saklanýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Olar milli Liderimizi Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň gülläp ösmegine, her bir maşgalanyň, her bir adamyň rowaçlygyny maksat edinýän içeri we daşary syýasat bilen baglanyşykly ähli başlangyçlara mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda we olaryň düzüm bölümlerinde, edaralarda hem-de guramalarda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda zenanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Däp bolşy ýaly, sowgatlar dürli ýaşdaky zenanlara, şol sanda talyplara, mekdep okuwçylaryna hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenilýän gyzjagazlara gowşuryldy.
Bahar paslynyň şu günlerinde mähriban zenanlarymyzyň adyna gutlag sözleri we mähirli arzuwlar aýdylýar, olara bagyşlanyp, konsertler, sergiler, bäsleşikler, dürli duşuşyklar hem-de çäreler geçirilýär. Mähriban enelerimize, uýalarymyza we gyzlarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri beýan edilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, “Ene mähri” diýen hormatly ada eýe bolan sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýelän eneleri sylaglamak, köp çagaly maşgalalara ýokary amatlyklary bolan öýleriň açarlaryny gowşurmak dabaralary ýurdumyzyň ähli welaýat merkezlerinde hem geçirildi.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.