Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine gatnaşdy
20-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan dabara halkymyzyň mähriban toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza, ýagşy dessurlarymyza bolan ygrarlylygyny alamatlandyrýar.
Ir bilen paýtagtymyzyň Berkararlyk etrabynyň çägine degişli ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine Hormatly Prezidentimiziň ulagy saklandy. Döwlet Baştutanymyzy şu günki dabara gatnaşyjylar mähirli mübäreklediler.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary garşyladylar.
Şu pursatda ýaňlanan aýdymdyr-sazlar dabara öwüşgin çaýyp, hemmeleri ruhlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow okuwlaryny ata Watanymyzyň bähbidine zähmet bilen üstünlikli utgaşdyrýan köp sanly ýaşlar bolan dabara gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, bag nahalyny oturtmak üçin taýýarlanan ýere geldi.
Hormatly Prezidentimiziň ýanyna häzirki döwrüň bagtyýar nesliniň wekili gelip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de bag ekmek çäresine badalga bermegi haýyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz ilkinji bag nahalyny ekip, bu çärä badalga berdi. Hormatly Prezidentimiz oglanjyga toý sowgadyny gowşurdy hem-de onuň bilen ýadygärlik surata düşdi.
Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan asylly çärä gatnaşmagy köpçülikleýin bag ekmek möwsüminiň ähmiýetini artdyrdy. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň berkarar eden milli dessurlarynyň häzirki zamanyň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändigini görkezdi.
Dabara gatnaşyjylaryň hemmesi hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bag ekmäge girişdiler. Dürli görnüşli bag nahallarynyň bu künjegiň toprak-howa şertleri nazara alnyp ekilmegi hem-de ideginiň ýokary derejede ýola goýulmagy dag etegindäki giňişliklerde tokaý zolaklarynyň döredilmeginde aýgytlaýjy ähmiýete eýedir.
Ählihalk çäresiniň öňüsyrasynda toprak ýagyş yzgaryny özüne siňdirip, howa arassalandy. Munuň özi çärä gatnaşyjylara joşgun berdi.
Bag nahallarynyň köpçülikleýin ekilmegi adamzadyň durmuşynda aýratyn wajyp hasaplanylýar. Şunuň bilen baglylykda, ekilen baglaryň bu künjegiň topragyna durnukly görnüşleriniň seçilip alynmagy, şunda ylmyň gazananlaryna möhüm ähmiýet berilmegi işiň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýär.
Alymlaryň hem-de hünärmenleriň tassyklamagyna görä, şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň töwereginde, ulag ýollarynyň ýakalarynda, şypahanalaryň çäklerinde saýaly baglaryň ekilmegi daşky gurşawyň arassalygyny, howanyň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyny üpjün edýär, munuň adamlaryň saglygyna oňyn täsiri uludyr.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Bu ýerlerden ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi görünýär. Döwrebap desgalaryň bir bitewi sazlaşygy şäheriň binagärligine gaýtalanmajak öwüşgin çaýýar. Munuň özi ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.
...Sähra giňişliklerinde bag nahallarynyň ekilmegi ilatly ýerleri epgekden we tozanly ýellerden goraýar. Şeýle hem gür baglaryň sil suwlarynyň täsirini peseltmekde we umuman, amatly howa gurşawyny emele getirmekde ähmiýetlidigini bellemek gerek. Suw akabalarynyň kenarlaryna saýaly baglaryň ekilmegi topragy we kenary berkitmekde möhüm hasaplanylýar. Ýurdumyzyň dag eteklerinde arçalaryň ekilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Şu günki dabara gatnaşyjylaryň yhlasly zähmeti halkymyzyň asylly işlere bolan höwesini we agzybirligini aňladýar. Ýurdumyzda tutuş halkymyz üçin bähbitli bolan işlere hemmeleriň agzybirlikde gatnaşmagy asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriň häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Şeýle hem şu gün ýurdumyzda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal bar bolan tokaý zolaklaryna ideg etmek işleri hem geçirildi. Munuň özi seýilgähleriň arassalygyny, abadançylygyny we baglaryň ösüşini üpjün etmekde wajypdyr.
Soňky ýyllarda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek çäresiniň yzygiderli geçirilmegi netijesinde, onlarça million düýp baglary özünde jemleýän tokaý zolaklarynyň çägi has-da giňedi. Her bir şäheriň, ilatly ýerleriň töwereklerinde tokaý zolaklary emele geldi. Ak mermerli paýtagtymyzyň günorta künjegi gür baglyga bürendi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylaryň ruhubelentligini we işe bolan höwesini artdyrýan aýdym-sazly çykyşlaryň ähmiýetlidigini belläp, sungat ussatlaryna minnetdarlyk bildirdi hem-de hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasynda geçirilen köpçülikleýin bag ekmek dabarasy tutuş ýurdumyzy gurşap aldy. Müňlerçe adamlar bu çärä uly ruhubelentlik bilen işjeň gatnaşdylar. Şonuň netijesinde, şäherlerimiziň we paýtagtymyzyň töwereklerinde tokaý zolaklary döreýär, munuň özi bolsa amatly gurşawyň döremegine ýardam berýär hem-de ilatyň saglygyna oňyn täsirini ýetirýär. Paýhasly pederlerimiziň aýdyşy ýaly, her bir adamyň bu sogap işe goşant goşmagy parzdyr. Bu bolsa Diýarymyzyň gözelligini artdyryp, arassa howa gurşawynyň kemala gelmegini üpjün eder.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.