Döwranguly Atahanow - “Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Marketing we logistika bölüminiň başlygy
- Ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmelere hil taýdan täze itergi berildi. Döwletimiziň ösüşiniň täze döwründe ata Watanymyzyň we halkymyzyň ykbaly üçin jogapkärçiligi üstüne almaga ukyply ýaş ýolbaşçylara giň ýol açyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzy öňdebaryjy, senagat taýdan ösen döwlete öwürmegi özüniň baş maksady diýip kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda ýangyç-energetika toplumyny has-da ösdürmäge, hususan-da, döwrebap tehnologiýalaryň esasynda uglewodorod serişdeleriniň gaýtadan işlenilmegine, dünýäde uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň – benziniň, polipropileniň, polietileniň we suwuklandyrylan gazyň önümçiligine aýratyn ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýangyç-energetika babatda Türkmenistan geljekde hem goňşy döwletler hem-de iri möçberli ykdysady gatnaşyklar birleşdirýän beýleki ýurtlar bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirer. Bu ugurda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu bolsa, ýurdumyza uly peýda getirmekden başga-da, goňşy halklaryň ojaklaryna ýylylyk we ýagtylyk getirer.
Türkmenistanyň Prezidenti maksatnamalaýyn çykyşynda logistikanyň mümkinçiliklerine uly ähmiýet berip, amatly geosyýasy ýagdaýyň, awtomobil we demir ýollarynyň bolmagy tebigy serişdeleri özleşdirmegi, gazyp almagy we gaýtadan işlemegi ýeňilleşdirýär diýip belledi.
Elbetde, biz nebitgaz pudagynyň öňünde durýan wezipeleriň gerimine we möhümligine düşünmek bilen , öz nobatynda olary üstünlikli çözmek üçin ähli güýjümizi, bilimlerimizi we tejribämizi gaýgyrmajakdygymyza ynandyrýarys.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.