Azerbaýjanyň «Socar» Döwlet nebit kompaniýasynyň wise-prezidenti Elşat Nasirow
— Pursatdan peýdalanyp, «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2022) Halkara maýa goýum forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini bellä geçmek isleýärin. Bu çäre sebitiň energetiki senenamasynda her ýylda geçirilýän möhüm çäreleriň biri boldy.
Plenar mejlisde öz çykyşymy men Türkmenistanyň Prezidentini saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlamakdan başladym. Serdar Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine saýlanylmagy türkmen halkynyň parasatlylygy hem-de ýurduň ösüşiniň hatyrasyna häkimiýete berk ynamyny barada habar berýär.
Hazarýaka döwletleriniň biri bolan Azerbaýjan sebitiň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge elmydama gyzyklanma bildirýär. Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekilmegi bilen bolsa, özara gatnaşyklarymyzda täze eýýam başlandy. Bu günki gün biziň ilkinji nobatdaky wezipämiz Hazar sebitiniň ykdysady mümkinçiliklerini doly derejede açyp görkezmek bolup durýar. Bu maksada ýetmek üçin Hazar deňziniň dünýäniň energetika kartasynda eýeleýän ornuny göz öňünde tutup, bize energetika ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny bilelikde ösdürmek zerur. Şu jähtden Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar ösen energetika ulgamy bilen häsiýetlendirilýär, has ähmiýetli derejä eýe bolýar.
Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky häzirki gatnaşyklar gadymy döwürlerden gözbaş alýan umumy medeni gymmatlyklara we dil köklerine, dine, şeýle hem geografiki goňşuçylyga esaslanýar. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde iki döwletiň Liderleriniň dostlukly gatnaşyklary möhüm orun eýeledi. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistana saparyny, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň martynda Azerbaýjana saparyny belläp geçmek gerek.
Soňky ýyllarda köp sanly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi üpjün edýän 100-den gowrak resminamalara barabar bolan berk esasly hukuk binýat emele geldi. «Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama» we «Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilelikdäki beýannamasy» möhüm resminamalar bolup durýar.
Hemişelik hereket edýän Hökümetara topar dürli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin möhüm meýdança bolup durýar.
Azerbaýjan we Türkmenistan ýurtlarymyzyň ulag we üstaşyr mümkinçiliklerini doly açmak üçin uly tagallalary edýär. Türkmenistandan harytlary ýurdumyzyň çäginden Ýewropa ibermeklik amala aşyrylýar. Bakunyň halkara deňiz portunyň, Baku-Tbilisi-Kars demir ýolunyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. «Lapis-lazuli» ugry boýunça hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar. Hazarüstiulag geçelgesini ilerletmek boýunça tagallalar edilýär.
Ikitaraplaýyn gün tertip bilen birlikde, köpugurly esasda hem hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Bubabatda Türki döwletleriň guramasynyň çäginde özara gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir. 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambulda geçirilen Türki döwletleriň VIII Sammitiniň çäklerinde guramada Türkmenistana synçy derejesini bermek hakynda karar kabul edildi. Guramanyň çäginde durmuşa geçirilýän maksatnamalara we taslamalara Türkmenistanyň işjeň goşulmagy ähli taraplara peýda getirer.
2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Hazar deňzindäki «Dostluk» käniniň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi nebitgaz ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boldy. «Dostluk» taslamasy köpugurly azerbaýjan-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm meýdança hökmünde ykrar edildi.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.