Saparguly Berdiýew - "Türkmennebitönümleri" baş müdirliginiň önümçilik meseleler we innowasion tehnologiýalar boýunça bölümiň başlygy
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara maslahatyna gatnaşyjylar okyjylarymyza forumda ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleler barada gürrüň berdiler.
Saparguly Berdiýew - Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň "Türkmennebitönümleri" baş müdirliginiň önümçilik meseleler we innowasion tehnologiýalar boýunça bölümiň başlygy:
- Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň (TOPH) taslamasyny amala aşyrmakda halkara hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşmak OGT-2022-niň esasy meseleleriniň biri boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu giň gerimli taslamanyň amala aşyrylmagy oňa gatnaşjyjy ýurtlaryň ykdysady kuwwatyny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem dünýäniň beýleki döwletleriniň ösmegine hem oňyn täsirini ýetirer.
Şol taslamanyň amala aşyrylmagy bilen baglylykda, daşary ýurtly foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda nygtalşy ýaly, gözbaşyny iri “Galkynyş” gaz käninden aljak TOPH gazgeçirijisi möhüm durmuş meselelerini çözmek bilen bir hatarda, sebitiň ýurtlarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek, olaryň ykdysady kuwwatyny artdyrmak üçin giň ýol açýar, şeýle hem parahatçylygy we durnukly ösüşi berkimäge ýardam eder.
Bu gün biz Türkmenistanyň energiýa serişdelerini iberýän döwlet hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem energetika eksportunyň harytlyk düzümini artdyrmagyň, halkara energetika işewürliginiň täze görnüşlerini ösdürmegiň hasabyna energetika bazarynda eýeleýän ornunyň häsiýetini hil taýdan üýtgedýändigini ynamly aýdyp bileris.
Degişli ugurda geljegi uly bolan meýilnamalar barada aýtmak bilen, tebigy serişdelerini özleşdirende Türkmenistanyň olary netijeli ulanýandygyny, daşky gurşaw barada alada edýändigini, energetika howpsuzlygynyň meseleleri boýunça möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýändigini bellemek gerek. TOPH muňa mysal bolup, onda ekologiýa kadalaryny berjaý etmek ýaly möhüm ugra aýratyn ähmiýet berilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň öňde goýan maksady – türkmen tebigy gazyny ibermegiň ugurlaryny artdyrmak hem-de energiýa serişdelerini halkara bazaryna çykarmagyň ygtybarly we durnukly ulgamyny döretmek bolup, ol öz nobatynda häzirki döwrüň has möhüm wezipesini – dünýäniň energetika howpsuzlygy baradaky wezipäni çözmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.
Bu ugurda deňhukukly, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň uzakmöhletli geljegi nazarlaýan ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny bellemek gerek.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.