Makalalar

Buýsançly kalplar (hekaýa)

https://www.ussatnews.com/storage/posts/321/original-15fca6049d3947.jpeg

Lukmançylyk ugrundan ýokary okuw mekdebini tamamlap, ýakynda işe başlan Döwran Durdyýew hassahana hemişekileri ýaly, bu gün hem ir geldi. Ähli amatlyklary özünde jemleýän bu hassahana dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendi. Döwran bu ýere gelen ilkinji gününden syrkawlara höwes bilen seredip, olaryň saglyklaryny berkitmekleri üçin elinden gelenini edýärdi.

Döwran ak ýektaýydyr başgabyny geýdi-de, tekjedäki galyň kitaby eline aldy. Kitabyň sahypalaryny çalt-çaltdan agdaryşdyrdy: «Ynha, şu ýerde bolmaly» diýip, kitabyň özüne gerek sahypasynda saklandy: «Ol jana ýakymly, ýürekler üçin rahatlyk, ruhlar üçin iýmitdir. Aýdym-saz ruhy lukmançylyga degişli». Döwran lukman bu jümleleri gaýta-gaýta çintgäp okady. Agyr operasiýany başdan geçiren ýaşulynyň keşbi göz öňünde dikeldi: «Aýdym-saza gadyr goýuşy üýtgeşik. Aýdym-saz diňe göwne teselli bolman, ýüregi ýumşadyp, kalby näzik saklaýar, saglyga hem peýdaly. Sapargeldi aga-da ýumşak häsiýetli, üstesine-de sagdyn adam eken. Ykbalyny daýhançylyga bagyşlapdyr. Ene topraga bolan söýgüsi ýürekden. 40 ýyla golaý maňlaý derini ene topraga siňdirip, zähmetden bagt tapan adamlaryň biri eken. Agyr operasiýada hem ýan bermedi. Nesip bolsa, Sapargeldi aga gowulaşyp, aýaga galar».

Iş wagty başlandy. Hassahananyň gaýda-gaýmalaşygy artdy. Döwran Sapargeldi aganyň ýanyna howlukdy:

– Essalawmaleýkim, Sapargeldi aga! Özüňizi duýşuňyz nähili?!

– Sag bol, inim! Ýagdaýlarym ganymat!

– Sapargeldi aga, tüweleme, siz erjel ýaşuly! Kyn pursatlary ýeňip geçdiňiz.

– Hawa, oglum, ömrüň uzak bolsun! Halkyň saglygyny gorap, iliň alkyşyny almak sogapdyr! Durmuşda alkyş alyp ýaşamakdan zyýada bagt ýokdur. Eliň ýeňilliginiň üstesine-de hoş sözlem ekeniň. Ýagşy söz kalp dermanydyr – diýip, ýaşuly sözlerini paýhas bilen sünnäledi.

– Hawa, ýaşuly! Hoş söz her bir lukmanyň gymmatly melhemi. Janyň şirinligi hemmä mälim. Gep şol bahasyz baýlyga goýulýan hormat-sarpada.

– Hawa, inim, buýsançly taryhy bolan türkmen döwletden, döwürden maňlaýy oňan halk. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdy, bagtyýarlyk döwri — başynyň täji. Arkadagymyzyň halkymyz barada edýän aladalaryna «aperin» diýýäris. Ynha, inim, Arkadagymyzyň tagallasy bilen bina bolan hassahanada edilýän hyzmat diýseň, ýokary – diýip, Sapargeldi aga lukmanyň beren dermanyny içdi.

– Tüweleme, Sapargeldi aga, ýagdaýlaryňyz günsaýyn gowulaşýar. Bir otagda ýeke özüňiz içiňiz gysýan bolsa gerek?! Bu gün otagyňyza bir ýaş ýigidem ýerleşdirerler – diýip, lukman otagdan çykdy.

Lukmanyň aýdyşy ýaly, uzyn boýly, buýra saçly, burunlak ýigidi Sapargeldi aganyň ýatýan otagyna ýerleşdirdiler. Täze gelen ýigit – Çary hünäri boýunça gazçy bolup çykdy.

– Hä, inim, nebitgaz pudagynda zähmet çekýän diýsene. Tüweleme, juda arzyly käriň eýesi ekeniň. Bu günki gün ýurdumyzyň ykdysady ösüşine siz özüňiziň saldamly goşandyňyzy goşýaňyz. Keramatly topragymyzdan alynýan tebigy baýlyklarymyzy dünýä bazarlaryna çykarmakda öz zähmetiňizi, gujur-gaýratyňyzy gaýgyrmaýarsyňyz. Siziň alyp barýan işleriňize bütin halkymyz guwanýar hem buýsanýar. Ýene bir zat: kär, hünär diýlen zatlaryň ümzügi kämillige tarapdyr. Hünäriňi söýgiň bilen güllet. Kesbiňden kemal tap, ogul! – diýip, Çara ýagşy arzuwlar etdi.

Sapargeldi aga hassahanada wagtyny bihuda geçirmeýärdi. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyny höwesli okaýardy. Ol:

– Oglum, topragyňa, Watanyňa söýgiň ýürekden bolsa işiň müşgili ýok. Döwletiň halkyň garamatyny gerdenine alsa-da wagt tapyp, milli Liderimiz kitap ýazyp, halkyna peşgeş berýär. Gör-ä, ýurt Baştutanymyzyň Watana, halka söýgüsini.

Ýaş ýigide ýaşulynyň her bir zada çynlakaý garaýşy ýaraýardy. Ol ähli zatda gözelligi gözleýärdi, görýärdi. Çarynyň Sapargeldi aga bilen geçiren üç güni aýratyn täsirlere dolupdy.

... Saglygyny mäkäm dikelden Sapargeldi aga bu gün mähriban ojagyna dolanýardy. Çarynyň paýhasly ýaşuludan aýrylasy gelmedi. Sapargeldi aga öýüne gaýtmak üçin ähli zatlaryny taýýarlapdy. Öýe alyp gitmek üçin gelen ogly Şatlygy Çary bilen tanyşdyrdy. Şatlygyň irdenki gelşidi. Sapargeldi aga welin, bu zatlara pitiwa etmeýän ýaly howlukmaýardy. Onuň kimdir birine garaşýandygy bellidi. Lukman Döwran Durdyýewi görmän öýüne gaýtmagy Sapargeldi aga özüne peslik hasaplady. Oňa aýtmak islän sözlerini aňynda taraşlady. Lukman ýigit aňyrdan ýylgyryp gelşine, Sapargeldi aga bilen hoşamaý görüşdi:

– Yhlasly em edeniňize, sag boluň! Adamlara ak ýürekden hyzmat etseňiz, mertebäňize mertebe goşular! Onda näme işiň rowaç, lukman! – diýip, aýtmak isleýän sözlerini oňa ýetirdi.

Çary otaglaryna ýetmäge howlukdy. Sapargeldi aganyň ýerine geçip, düýnki wakany ýatlady: «Oglum, görmek bilen görmegiň arasynda uly tapawut bardyr. Her bir zady kalbyň gözi bilen synlasaň, dünýäniň gözellikleriniň syryny açarsyň. Göz göwnüň isleýän zadyny görýär. Göwnüň gözellige teşne bolsun diýýänim şondan. Döredýän gözel zatlarynyň hasabyna adamlar döwri, durmuşy özgertmek bilen dünýäň keşbini özgerdýärler. Ynha, şu gülleri görýärsiňmi?! Tebigy gözellige ýugrulan. Içki pikiriňe, duýgudyr garaýyşlaryňa ýakym çaýýar. Gepiň tümmek ýeri, gözellik gözelligi döretmäge ukyplydyr». Ýatlamalara berildigiçe Çary sözlerine basym berip gürleýän ýaşula öz ýanyndan buýsandy.

Ol ýene-de Sapargeldi aganyň hassahanadan çykyp, ogly Şatlygyň maşynyna münjek bolup durka aýdan sözlerini ýatlady: «Bu bagtyýar döwrüň hözirini görmek biziň, siziň paýyňyza düşdi. Bagtly döwrümiziň gadyryny bilmek, her birimiziň borjumyzdyr. Döwrümizi döwranly ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin».

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW,

žurnalist.

Başga makalalar
16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.


16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.


16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.

16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.


16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.