Habarlar

Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/3211/original-1624818a27c9a8.jpeg

1-nji aprelde Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany garşylamak dabarasy boldy. Asylly däbe görä, milli lybasdaky oglan we gyz Prezident Ram Nath Kowinde hem-de onuň maşgalasyna duz-çörek hödürlediler we gül çemenini gowşurdylar.

...Paýtagtymyzyň howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynyň öňündäki meýdançada Hindistan Respublikasynyň Liderini resmi garşylamak dabarasy boldy. Bu ýerde Prezident Ram Nath Kowindi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli mübärekledi.

Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki türkmen-hindi duşuşygynyň ilkibaşdan dostlukly, özara hormat goýmak we ynanyşmak häsiýeti bilen tapawutlanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm tapgyr boljakdygy şübhesizdir.

Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň işine uly ähmiýet berilýär. Onuň mejlisleriniň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, ileri tutulýan taslamalar ara alnyp maslahatlaşylýar.

Ynsanperwer ulgamda hem hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni, ruhy we taryhy gatnaşyklar onuň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň beýik ogullary Baýram han we Abdyrahym han-hanan Hindistanyň taryhyna şöhratly sahypalary ýazdylar. Hindistanyň halky olaryň mirasyna, hindi paýtagtynyň merkezinde gurlan Türkmen derwezesi ýaly meşhur taryhy-binagärlik ýadygärligine uly hormat-sarpa goýýar. Iki ýurduň alymlary, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri döwletleriň ikisinde geçirilýän halkara maslahatlaryň, festiwallaryň we sergileriň işine işjeň gatnaşýarlar.

Bilim we ylym ulgamlary özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň gündogar dilleri we edebiýaty fakultetinde talyplar hindi dili hünäri boýunça okadylýar.

Umuman, Türkmenistan we Hindistan köpugurly hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerine eýedir. Şolardan netijeli peýdalanmak iki ýurduň arasynda has berk we ygtybarly dostluk köprülerini, hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam eder. Prezident Ram Nath Kowindiň şu gezekki döwlet sapary bu gatnaşyklara täze, kuwwatly itergi bermäge, onuň möhüm ugurlaryny açmaga mümkinçilik berer.

Garaşylyşy ýaly, Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikleriň çäklerinde özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşylar hem-de köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge, türkmen we hindi halklarynyň, döwletlerimiziň arasyndaky özara ynanyşmagy we düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekiler. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň gaýragoýulmasyz wezipelerini, şol sanda täze geljegi uly meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Mahlasy, Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ram Nath Kowindiň arasynda ýokary derejede geçiriljek gepleşikler uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmaga ýardam eder.

Başga habarlar
16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.