Habarlar

Tejen şäherinde täze dermanhana açyldy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/3218/original-1624a6b5e3832a.jpeg

Türkmenistanda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde bina edilen täze dermanhana açyldy.

Täze açylan dermanhanada ýurdumyzda öndürilýän, şeýle-de Ýewropanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň köp görnüşli derman serişdeleri, dürli lukmançylyk önümleri, keselleri anyklaýyş enjamlary hödürlenilýär. Mundan başga-da, dermanhanada weterinar bölüm bar.

Umumy meýdany 500 inedördül metre barabar bolan hem-de degişli talaplara laýyk gelýän täze dermanhana ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Tebigat Çeşmesi” hususy kärhanasyna degişlidir. Ýeri gelende aýtsak, bu kärhana ýurdumyzyň dürli künjeklerinde şeýle desgalary dolandyrmagyň uly tejribesini toplady.

Şeýle hem onda müşderiler üçin niýetlenen giň we oňaýly söwda zaly, dermanlyk serişdeleriň, lukmançylyk enjamlarynyň bölümleri, weterinar bölüm, ammar jaýy göz öňünde tutuldy.

Arakesmesiz we dynç günsüz işleýän dermanhananyň işgärler düzüminde farmasewtler, maslahatçy-lukmanlar we weterinarlar bar. Munuň özi müşderilere peýdaly maslahatlary almaga hem mümkinçilik berýär.

Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen dermanhana sanly ulgama birikdirildi. Bu ýerde dermanlyk serişdeleriň söwdasy nagt we nagt däl görnüşde amala aşyrylýar. Degişli maslahatlary almak isleýänler üçin sorag-jogap gullugy hereket edýär. Şeýle hem bu ýerde satyn alnan dermanlary eltip bermek hyzmatyny ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Täze dermanhananyň açylyş dabarasyna gatnaşanlar halkymyzyň saglygyny we abadançylygyny esasy ugur edinýän durmuş syýasatyny amala aşyrýandygy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Diýarymyzda raýatlaryň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmagyň möhüm şerti bolan derman senagaty pudagynyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli ösdürilmegi netijesinde öndürilýän dermanlyk serişdeleriň mukdary artýar we hili ýokarlanýar. Bu gün ýurdumyzda bereketli türkmen topragynda ösýän hem-de bejerijilik ukyby bolan ösümliklerden taýýarlanylýan dermanlyk serişdeleriň we beýleki melhemleriň köp görnüşleri öndürilýär.

Lebap welaýatyndaky Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli “Buýan” toplumynda buýan kökünden öndürilýän dürli serişdeleriň mukdary ýokarlanýar. Bu ýerde 2024-nji ýylda glisirrizin turşusyny öndürmek boýunça täze kärhanany açmak meýilleşdirilýär. Täze kärhanada buýan köki gaýtadan işlenilip, ondan ýylda 390 tonna glisirrizin turşusy öndüriler.

Başga habarlar
16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.