Ak şäherimiziň şuglasy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowiň ýurdumyzyň ähli künjeklerini gyradeň ösdürmek, şol sanda paýtagtymyz Aşgabady dünýäniň iň gözel ak şäherine öwürmek babatda alyp barýan syýasaty ähli ildeşlerimiziň ýüreklerini joşdurýar.
Mälim bolşy ýaly, dünýäniň iri şäherlerindäki köp gatly gözel ýaşaýyş binalarynyň, şeýle hem az gatly kottejleriň şäher ýaşaýjylarynyň durmuş amatlyklaryny has oňaýly üpjün edýänligi ykrar edilen hakykatdyr. Gurulýan şeýle binalaryň şäherleriň gözellik sazlaşygyna utgaşykly goşulyp, gözellige teşne göwünleri gandyrýanlygyny hem aýratyn bellemelidir.
Biz ýurdumyzy, şäherlerimizi dünýä derejesinde ösdürýän, halkymyzy asuda, parahat durmuşda ýaşadýan Hormatly Prezidentimize jan saglyk, her bir döwletli başlangyçlarynda üstünlik arzuw edýäris.
Islam ŞAGULYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol
«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.

Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny
Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar.

Türkmenistan amala aşyrýan iri taslamalarynda ekologiýa syýasatyny ileri tutýar
Soňky ýyllarda tükeniksiz çeşmelerden alynýan «ýaşyl» energiýa (gaýtadan dikeldilýän energiýa) bolan gyzyklanma bütin dünýäde, şol sanda biziň Garaşsyz ýurdumyzda barha ýokarlanýar.

Ynsan bedenine ýokumly zeýtun miweleriniň möçberi artýar
Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» daýhan birleşiginiň mes toprakly ýaýlasyndan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Ymamberdi Jepbarow miweli baglary ýetişdirmek bilen meşgul bolýar.

Aýazbaba hökman geler, oglum! (Hekaýa)
Oglanjyk ir bilen ukudan oýandy-da, otagynyň töründe bezelgi duran arçanyň ýanyna baryp töweregine seretdi. Eglip bir bölek kagyzy aldy-da: «Aýazbaba meniň ýazan hatymy okamandyr-a» diýip, başyny aşak saldy. Birdenem: