Milli bank ulgamy kämilleşýär
Milli ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegi bolan ýurdumyzyň banklar ulgamy mähriban Arkadagymyzyň berýän goldawlary netijesinde dünýä derjelei ösüşleri başdan geçirýär. Şunda bank edaralarynyň täze häzirki zaman binalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi aýratyn möhüm pursatlardyr.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň yzygiderli ykdysady ösüşiniň beýanydyr. Ol hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolan milli bank ulgamyny ösdürmegiň binýatlaýyn esasydyr.
Mälim bolşy ýaly, ykdysady syýasatda maliýe-bank ulgamynyň edaralarynyň eýeleýän möhüm orny halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň arasynda pul görnüşindäki serişdeleriň netijeli paýlanylmagy bilen bagly möhüm wezipeleri amal etmek bilen baglydyr. Şeýle-de, bu möhüm wezipelere ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyply we täzeçil bolmagyna ýardam bermek wezipesi degişlidir. «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky we «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky hyzmatlaryň möçberi boýunça ýurdumyzyň esasy banklary bolup durýarlar. Onda kiçi ýaşly nesillerden başlap, ýaşuly nesillere çenli niýetlenen goýumlaryň we lartlaryň dürli görnüşleri hereket edýär.
Häzirki wagtda banklaryň we olaryň şahamçalarynyň täze binalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen birlikde olarda müşderilere hyzmat etmegiň hem sanly dolandyryş ulgamyna esaslanýan täze görnüşleri hödürlenilýär. «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň döwletMaksatnamasyna» laýyklykda işini yzygiderli kämilleşdirýän bu banklarda müşderileriň bir wagtda birnäçe ýüzüsine hyzmat etmäge mümkinçilikler döredilendir. Şeýle-de, sanly ulgam, bank kartlary we ykjam telefon goşundylary müşderileriň iş wagtlaryny sarp edip, banklara barmak we nobata durmak bilen bagly aladalaryny aradan aýryp, iş wagtynyň tygşytlanmagyna we hyzmatlaryň çalt, ýokary bhilli we ygtybarly ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär.
Ady agzalan banklaryň möhüm orun eýeleýän ugurlarynyň birid-de ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegini karzlaşdyrmakdyr. Bu ugurda hem karz serişdeleriniň dürli görnüşleri müşderilere hödürlenýär.
Ýurdumyzyň banklary milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň möhüm ulgamydyr. Biz ýurdumyzy ykdysady ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan mähriban Arkadagymyza uzak ömür, jan saglyk arzuw edýäris.
Şaripbaý MAMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.