Ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmek babatda alnyp barylýan işler
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmek babatda alnyp barylýan işler aýdyň netijelerini berýär. Muňa paýtagtymyzda tapgyrlaýyn gurlup ulanylmaga berilýän durmuş maksatly binalar, desgalar aýdyň şaýatlyk edýär. Bu kada laýyklykda raýatlarymyzyň ýaşaýyş eşretlerinden peýdalanmak mümkinçiliklerini aýratyn bellemäge mynasypdyr.
Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täze Aşgabat-siti ýaşaýyş toplumy bina ediljek. Gurbansoltan eje şaýolunyň ugrunda bolsa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binasy gurular. Bu taslama işlerine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary öz goşantlaryny goşýandyklary buýsançly ýagdaýdyr.
Institutymyzyň talyplary tarapyndan şular ýaly jogapkärli taslama işleri ýerine ýetirmekleri, talyp ýaşlaryň tejribe işleri bilen yzygiderli meşgullanmaklary babatda döredilýän oňaýly şertleriň netijesidir diýip aýtmak bolar.
Talyp ýaşlaryň institutda döredilen gurnaklara işjeň gatnaşmaklary, talyplaryň ýylyň-ýylyna ylmy-taslama bäsleşiklerinde öz güýçlerini synap görmekleri, ýurdumyzyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň üstüne baryp, ýerinde tejribelerini kämilleşdirmekleri olaryň döwlet ähmiýetli gurluşyk-taslama işlerinde öz ýüzlerini görkezip bilmeklerine oňyn şertleri döretdi.
Baýram ADINOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk nstitutynyň talyby.
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär
21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.