Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasynda dynç alýanlar hem-de şypahananyň işgärleri bilen görüşdi
6-njy maýda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Bäherden etrabyndaky “Arçman” şypahanasynda bolup, bu ýerde halkymyzyň saglygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de döredilen şertler bilen tanyşdy.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasynda dynç alýanlar hem-de şypahananyň işgärleri bilen görşüp, olaryň saglyk ýagdaýlary, bu ýerde döredilen mümkinçilikleriň aýratynlyklary bilen içgin gyzyklandy.
Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasynyň bejerijilik ukyby ýokary derejä eýe bolan mineral suwunyň adam bedenine täsiri barada anyk maglumatlaryň üsti bilen giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz şypahananyň tebigy aýratynlyklary, umuman, bu künjegiň ýakymly howa gurşawynyň özboluşlylygy barada aýdyp, onuň ägirt uly bejerijilik ukybynyň bardygyny belledi.
Şypahanada saglygyny berkidýän adamlar bu ýere gelýänleriň sanynyň barha köpelýändigini, şypahanada bejergi almaga isleg bildirýänleriň artýandygyny nazara alyp, Gahryman Arkadagymyzdan şypahanada ýene bir binany gurup bermek baradaky ýüztutmalaryny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýetirmegini haýyş etdiler. Hormatly Arkadagymyz olaryň haýyşyny bitirjekdigini aýdyp, “Arçman” şypahanasynyň özboluşly taryhy, onuň ösüşiniň tapgyrlary barada gürrüň berdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinde işlän döwürlerinde Arçmanda täze önümçilik we senagat kärhanalaryny gurmak baradaky çözgüt kabul edildi. Şonda Gahryman Arkadagymyz bu çözgüt bilen ylalaşman, senagat toplumlarynyň “Arçman” şypahanasynyň çeşmesine ýaramaz täsir etjekdigini mälim edýär. Ýöne muňa garamazdan, 1998-1999-njy ýyllarda bu ýerde gurluşyklar başlanýar. Şolaryň netijesinde “Arçman” şypahanasynyň çeşmesiniň gözi ýapylýar.
Türkmenistanyň şol wagtky saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň şypahananyň çeşmesiniň kesilmegine sebäp bolandygyny ylmy taýdan esaslandyryp, Türkmenistanyň Prezidentine degişli mazmundaky haty ýollaýar. Onuň netijesinde gurluşyk togtadylýar. Şondan 2-3 ýyl geçensoň, şypahananyň çeşmesi açylyp, akyp başlaýar.
Şeýlelikde, bu ýerde gönüden-göni Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy esasynda giň gerimli işlere badalga berilýär. 2009-njy ýylda Arçmanda 400 orunlyk täze bina gurulýar. Şypahana 7 kilometr uzaklykdan agyz suwy çekilýär we giň gerimli abadanlaşdyryş işleri ýaýbaňlandyrylýar. Mundan başga-da, şypahananyň çäklerinde Saglyk ýoly çekilýär. Bu bolsa adamlaryň saglygyny berkitmek işleriniň şypahananyň melhem suwy hem-de bejerişiň sportuň dürli görnüşleri bilen utgaşdyrylmagyny üpjün edýär.
Dynç alýanlar Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ilatyň saglygyny dikeltmek hem-de berkitmek ugrunda döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynda adamlaryň saglygy, olaryň bagtyýar durmuşy baradaky aladanyň möhüm orun eýeleýändigini belledi. “Halkyň islegi — döwletiň islegi” diýen paýhasly jümläni aýdyp, milli Liderimiz adamlaryň şypahananyň çägini giňeltmek baradaky haýyşlaryny nazarda tutup, şypahananyň we onuň mineral suwunyň mümkinçilikleriniň ylmy taýdan düýpli öwrenilip, gelnen netijä laýyklykda, bu ýerde 200 ýa-da 400 orunlyk binany gurmak boýunça teklibiň taýýarlanyljakdygyny, onuň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýetiriljekdigini nygtady.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.