Habarlar

Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça pudagara toparynyň mejlisi geçirildi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/3478/original-1627b90bc2d8f4.jpeg

10-nji maýda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Adam hukuklary we halkara ynsanperwerlik hukugy hem-de BMG-niň ýurt boýunça topary babatynda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça pudagara toparynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzda işleýän halkara düzümleriň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, türkmen döwleti hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmak bilen, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň, şol sanda belent ynsanperwerlik taglymlarynyň hem-de gymmatlyklarynyň berkarar edilmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär. Garaşsyz, Bitarap ýurdumyz adamyň bähbitleriniň we hukuklarynyň goraglylygyny döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde öňe sürmek hem-de umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryny ykrar etmek bilen, öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz eýerýär.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, meýilnamalary durmuşa geçirmek hem-de BMG-niň düzümleriniň işine, adam hukuklaryny goramak ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça tagallalara işjeň gatnaşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklarynyň goraglylygyna gönükdirilen, Konstitusiýada berkidilen demokratik ýörelgeler häzirki zaman tapgyrynda türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň esasy alamatlarynyň biri bolup durýar. Şeýlelikde, adam hukuklarynyň berjaý edilmegi raýat jemgyýetiniň berkidilmegini, şahsyýetiň, döwletiň hem-de jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär.

Bilelikdäki maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglylykda Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm bölekleri bilen köp görnüşli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Milletler Bileleşigi tarapyndan kabul edilen hem-de durnukly ykdysady ösüş, durmuş abadançylygy, daşky gurşawy goramak boýunça çäreler toplumyny göz öňünde tutýan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Bu strategik ähmiýetli resminamada gönüden-göni adam hukuklaryna degişli wezipeler kesgitlenildi, munuň özi Türkmenistanyň, BMG-niň düzümleriniň hem-de beýleki halkara guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin goşmaça mümkinçilikleri açýar.

Häzirki wagtda adam hukuklary boýunça hereketleriň Milli meýilnamasy BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň “Adam hukuklary babatynda 2021 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň hereketleriniň Milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek” boýunça bilelikdäki taslamanyň çäklerinde amala aşyrylýar. Geçen döwürde ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary üçin halkara iş tejribesini hasaba almak bilen okuw maksatnamalaryny hem-de adam hukuklary boýunça ýaşlary okatmagyň usulyýetini işläp düzmek boýunça birnäçe okuw maslahaty guraldy. Şol bir wagtda welaýatlarda hem-de Aşgabat şäherinde ýerleşýän Adam hukuklary boýunça serişdeler merkezlerinde yzygiderli esasda ilatyň hukuk habardarlygyny ýokarlandyrmak boýunça maglumat-wagyz okuw maslahatlary geçirilýär.

Biziň ýurdumyz halkara giňişlikde netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrýar, BMG-niň agentlikleri bilen ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmak, adam hukuklaryny, şol sanda mümkinçilikleri çäkli adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, gender deňligi, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ýaşlar syýasaty, beýleki meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly ähmiýet berýär.

Hyzmatdaşlygyň her bir ugry halkara guramalar bilen bilelikdäki degişli Meýilnamalarda beýan edilendir, bu ugurlar boýunça netijeli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, adam hukuklaryny hem-de halkara ynsanperwerlik hukugyny durmuşa geçirmek — bu ulgamda ilatyň habardarlygyny ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň degişli konwensiýalara we olaryň goşmaça teswirnamalaryna goşulyşmagy boýunça hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, häzirki wagtda adam hukuklary hakynda konwensiýalar boýunça milli hasabatlary BMG-niň Şertnamalaýyn edaralary üçin işläp taýýarlamak we hödürlemek boýunça çäreler işjeňleşdirildi. Halkara guramalaryň maslahatlary halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary milli hukuk ulgamyna ornaşdyrylanda göz öňünde tutulýar. Abraýly düzümler bilen gatnaşyklar has giň we netijeli häsiýete eýe bolýar.

Mejlisiň çäklerinde pudagara toparyň agzalary adam hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmekde Durnukly ösüş maksatlarynyň ileri tutulýan wezipelerine ýetmegiň bähbidine halkara guramalar bilen işjeň gatnaşyklary dowam etmek baradaky pikiri beýan etdiler. Bu ulgamda hereketleriň milli meýilnamalarynyň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» bilen sazlaşdyrylmagynyň pudagara toparyň alyp barýan işleriniň möhüm ugurlarynyň biridir.

Mejlisiň ahyrynda halkara guramalaryň wekilhanalarynyň degişli taslamalary we maksatnamalary işläp taýýarlamak, amala aşyrmak boýunça bilelikdäki işlere goldaw berýändikleri hem-de netijeli hyzmatdaşlyk üçin hoşallyk beýan edildi.

Mejlisde adam hukuklary we ynsanperwerlik hukugy babatynda beýleki möhüm meselelere-de garaldy.

Başga habarlar
16970f2b623890.jpeg
«Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy bäsleşige gatnaşmak üçin arzalary kabul edip başlady

«Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy №10123191 belgili bäsleşige gatnaşmak üçin resminamalary kabul etmegiň deslapky tapgyrynyň başlandygyny habar berýär. Taslama enjamlary düýpli abatlamak boýunça hyzmatlary bermegi we zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň üpjünçiligini göz öňünde tutýar diýip, Turkmenportal neşiri habar berýär.


169746e13a32cd.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça teklibi goldady

23-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


1696b681e45652.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-ni döwrebaplaşdyrmak bilen bagly teklibi goldady

16-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Bu barada TDH habar berýär.

169620682e5208.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda nebitgaz toplumynyň işi boýunça meýilnamalary makullady

9-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ilkinji gezek geçirilýän mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.


1695e1019cc5fe.jpeg
Ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde mugalumlaryň we talyp ýaşlaryň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.