Makalalar

Ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýar

https://www.ussatnews.com/storage/posts/3572/original-1628933a091110.jpeg

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda oba hojalyk toplumy hem yzygiderli ösdürilýär. Şunda guşçulyk toplumlaryna aýratyn orun degişlidir.

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda milli tekekeçilige giň ýol açyp bermagi bilen, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary esasynda enjamlaşdyrylan guşçulyk toplumlarynda towuklardan ýumurtga almak, şeýle-de et üçin niýetlenen towuklary idedip köpeltmek barha giňden rowaçlanýar. Olar ýurdumyzda öz halkymyzy guş eti we ýumurtga ýaly gündelik zerur bolan azyk önümleri bilen üpjün etmekde we artykmaç önümleri daşarky bazarlarda ýerlemekde ýokary netijeleri gazanmaga ýardam edýär.

Daşoguz welaýatyň Görogly etrabynda ýerleşýän «Işewür topar» hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumynda bur ýylda 300 tonna guş eti öndürilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu hojalyk jemgyýetinde bedeneler hem idedilip ýetişdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň milli işewürlige giň ýol açyp bermegi bilen, milli telekeçilerimiz önümçiligiň iň netijeli we ekologiýa taýdan arassa usullaryny gözläp tapyp, işde täzeçillikleri ornaşdyrýarlar. Ady agzalan guşçulyk toplumynda guşlaryň dürli görnüşlerinden alty tapgyrda 210 müň jüýjäniň çykarylýandygy ýokary görkezijidir. Her tapgyrda 35 müň jüýjäniň çykarylyp, olaryň 45 günde ýetişmegi guşçulykda häzirki döwürde ýetilen ýokary netijelerdir. Guşçulyk toplumy üçin bölünip berlen 50 gektar ýer bölegi bilen ölçelende, hojalygyň önümçilik derejesiniň göreldelidigini aňlamak bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň özümizde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümleri öndürmek babatda öňde goýýan wezipelerini amal etmek bilen, ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri ýokary haryt hil nyşanlaryna mynasyp bolýarlar.

Aýna AKYÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

Başga makalalar
1683845ca982c3.jpeg
Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol

«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.


1682eb899de9c6.jpeg
Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny

Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar.


1682339af97470.jpeg
Türkmenistan amala aşyrýan iri taslamalarynda ekologiýa syýasatyny ileri tutýar

Soňky ýyllarda tükeniksiz çeşmelerden alynýan «ýaşyl» energiýa (gaýtadan dikeldilýän energiýa) bolan gyzyklanma bütin dünýäde, şol sanda biziň Garaşsyz ýurdumyzda barha ýokarlanýar.

167a0e0b8f26c1.jpeg
Ynsan bedenine ýokumly zeýtun miweleriniň möçberi artýar

Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» daýhan birleşiginiň mes toprakly ýaýlasyndan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Ymamberdi Jepbarow miweli baglary ýetişdirmek bilen meşgul bolýar.


167743b6e67be4.jpeg
Aýazbaba hökman geler, oglum! (Hekaýa)

Oglanjyk ir bilen ukudan oýandy-da, otagynyň töründe bezelgi duran arçanyň ýanyna baryp töweregine seretdi. Eglip bir bölek kagyzy aldy-da: «Aýazbaba meniň ýazan hatymy okamandyr-a» diýip, başyny aşak saldy. Birdenem: