Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty
Ýurdumyzyň ykdysadyýetini yzygiderli ösdürmek, milli telekeçilerimiziň haryt öndürijiliginiň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, olaryň ýurdumyzda importyň ornuny tutýan ýokary hilli önümleri we hyzmatlary öndürmeklerini döwlet tarapyndan goldamak hormatly Prrezidentimiziň alyp barýan ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Munuň özi, milli ýolumyzy saklap galmak bilen, dünýäniň ykdysady ulgamyna sazlaşykly goşulmaga mümkinçilik berýän oňyn şertleri döredýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuş ugurly bazar ykdysadyýetiniň milli nusgasyny kemala getirmek babatda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Ýurdumyz şu günki gün ösen önümçilik düzümine, köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamyna, adam maýasyna eýedir. Şeýle hem ykdysadyýetiň ähli düzümlerini sanlylaşdyrmak, hyzmatlaryň tiz we aňsat usullaryny ornaşdyrmak babatda nusgalyk işler amala aşyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde, şol sanda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly taslamalar amala aşyryldy. Olaryň hatarynda asyryň gurluşygy diýip at alan ägirt uly energiýa geçirijiler, ulag-üstaşyr infrastrukturalar, ýokary hilli önüm öndürýän senagat toplumlary bar. Bu taslamalar çykarylan býujet we maýa goýum çykdajylaryny gysga döwürde ödemek bilen, döwletimize ýokary girdejileri getirýän pudaklara ynamly öwrülýärler. Türkmenistan — Hytaý, Gündogar — Günbatar gaz geçirijileri, Gazagystna — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly ýaly iri gurluşyklar şular ýaly geljegi uly gurluşyklardyr. Şu günki gün Garabogazkarbamid zawody, Gyýanlydaky Polimer zawody, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawod ýaly iri senagat kärhanalarynyň hatary 2021-nji ýylda açylyp ulanylmaga berlen Kakadaky we Babadaýhandaky iri dokma toplumlary bilen ýetirilýär.
Agzalyp geçilen şular ýaly iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň esasy maksady Garaşsyz ýurdumyzyň dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrmakdan, ilatyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdyr. Şeýle hem öndürilýän ýokary hilli önümleriň we hyzmatlaryň görnüşleriniň we möçberleriniň artdyrylmagy ýurdumyza daşary ýurt pulunda goşmaça girdejileriň gelip gowuşmagyny artdyrar.
Sapa MAGTYMGULYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.