Türkmenistan GDA döwletlerinden ilkinji bolup awtomobil ýangyjynyň ýokary oktanly görnüşleriniň önümçiligini artdyrdy
Garaşsyz Türkmenistan GDA döwletlerinden ilkinji bolup etilirlenen benzini öndürmegi bes etmek bilen, awtomobil ýangyjynyň ýokary oktanly görnüşleriniň önümçiligini artdyrdy. Ýurt üçin täze önümiň — propileniň gomopolimerleriniň, çalgy ýaglarynyň önümçiligi özleşdirildi.
Häzirki wagtda nebithimiýa senagatynyň sebitde iri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit önümleriniň täze görnüşlerini öndürmek ýola goýulýar. Bu babatda TNGIZT-de A-98 kysymly awtobenziniň önümçiliginiň ýola goýulmagy bellenilmäge mynasypdyr. Ýangyjyň bu görnüşi dünýä ölçeglerine laýyk gelýär. Ony Niderlandlar Patyşalygynyň «Saybolt» kompaniýasynyň daşary ýurtdaky barlaghanasynda geçiren barlaglary hem tassyklaýar. Barlaglaryň netijesine görä, Türkmenistanda öndürilen A-98 kysymly awtobenziniň degişli ekologik talaplara doly laýyk gelýändigi subut edildi. Bu ýerde awtobenziniň düzümindäki benzolyň, aromatik uglewodorodlaryň we olefinleriň mukdary barlanyldy. Ondan öň TNGIZT-niň hünärmenleriniň we «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň Türkmenbaşy şäher bölüminiň wekilleriniň gatnaşmagynda synag üçin täze önümiň nusgasy alnyp, ol «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyna ugradyldy.
Synagyň netijeleri hem A-98 kysymly awtobenziniň ГОС 32513 — 2013 döwletara standartynyň K5 ekologik we Euro-6 talaplaryny kanagatlandyrýandygyny kepillendirdi. Ýeri gelende aýtsak, benziniň bu görnüşini öndürmekde zawodlar toplumynyň inžener-tehniki işgärleri Ýewropanyň ykrar edilen ösen talaplaryny esas edindiler. Netijede, etilirlenmedik awtoulag benzini üçin 1 müň 400 tonnadan gowrak ýörite taýýarlanylan çig maldan 14 tonna 360 kilogram A-98 kysymly benziniň senagat tapgyry alyndy. Ol ýokarda agzalan standartyň talaplaryna laýyklykda pasportlaşdyryldy we sertifikatlaşdyryldy. Önümiň hil görkezijilerini Ýewropa standartlarynyň ekologik talaplaryna laýyk getirmek üçin toplumyň awtoulag benzinleriniň komponentlerini öndürýän desgalarynyň iş düzgünleri üýtgedildi we komponentleriň hil görkezijileri berk gözegçilikde saklandy. Barlaghana şertlerinde ýörite synaglar geçirilip, täze önümiň komponent düzümi kesgitlenildi.
Merdan ORAZSÄHEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.