Ýagyş suwunyň düzümi
Oba hojalygynda emeli suwaryş bilen birlikde tebigy ýagyş suwlarynyň uly orny bardyr. Dowamly ýagan ýagyşlardan soň, tebigatdaky ýabany ösümlikler hem, adam eli bilen ekilen ekinlerdir baglar hem göm-gök öwüsýär. Eýsem ýagyş suwunyň düzüminde nähili aýratynlyklar barka?
Ýagyş suwunyň her damjasynda demriň, azodyň, nitratyň, azot amoniýniň, natriniň, sulfatyň, misiň, nikeliň we alýumininiň belli bir mukdary jemlenendir. Bu himiki düzümleriň ýagyş damjalary arkaly endigan düşmegi ekinleriň tiz boý almagyna we gerek bolan derejede iýmitlenmegine mümkinçilik berýär.
Ýagyş suwunyň ösümlikler üçin zerurlygynyň ýene-de bir sebäbi onuň düzüminde gaty duzlaryň düýbünden ýoklugy bilen düşündirilýär. Düzüminde gaty duzlar bolan suw bilen suwarylanda, ýapraklaryň ýüzünde duz gatlaklary emele gelýär. Bu uly agaçlarda-da, ekinlerde-de şeýledir. Şol sebäpli ösümlikleriň ähli görnüşleri ýagyş suwuny höwes bilen kabul edýärler.
Ýagyş suwunyň düzümi kisloroda hem baýdyr. Şol sebäpli onuň bilen otag güllerini suwarmak hem peýdaly hasap edilýär.
Annanur JUMAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.