Dünýäniň iň gymmatly ýeralma sorty
Öň öwrenişen ýeralmamyzy gymmatly önümleriň hatarynda göz öňüne getirmek kyn bolsa gerek. Şeýle-de bolsa, köki miwelileriň gymmat bahaly ajaýyp görnüşleri bar. Iň gymmatly “La Bonotte” ýeralmasynyň bir kilogramynyň bahasy 600 dollardan gowrakdyr. Oňa başgaça altyn ýeralma hem diýýärler.
Ýeralmanyň bu sorty dünýäde ýeke täk ýerde – Fransiýanyň çäginde ýerleşýän Nuarmutýe adasynda öndürilýär. “La Bonetteniň” beýle gymmat bolmagynyň sebäbine ähli adam düşünmeýär. Fransuz naharhanalaryny bilýänler bu ajaýyp ýeralma sortunyň bir wagtyň özünde süýjüligi bilen duzlulygy utgaşyp, iň näzik gurluşunyň, ýakymly tagamynyň bardygyny aýdýarlar. Olar deňziň golaýynda ösdürilip ýetişdirilýänligi sebäpli, kökleri duzlary özüne siňdirip alýarlar. Olar üçin tebigy dökün hökmünde suwotular ulanylýar.
Mundan başga-da, onuň gymmatlylygy hasylyň el bilen ýygnalmagy we mukdarynyň çäkliligi bilen düşündirilýär. Bir möwsümde bary-ýogy 100 tonna önüm ýygnalýar. “La Bonette” ýeralmasyny başga ýerde ösdürip ýetişdirmek hiç kime başartmady. Görnüşi ýaly, adanyň ýerleşişi we topragyň aýratyn düzümi bu meselede möhüm orun eýeleýär.
Bahar GAZAKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.