Habarlar

CNPC — Türkmenistanyň ygtybarly we uzakmöhletli hyzmatdaşy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/504/original-15fd726b044df0.jpeg

Dünýäniň iri kompaniýalarynyň sanawynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) 2002-nji ýyldan bäri Türkmenistanda üstünlikli işleýär. 2017-nji ýylyň sentýabryndan başlap jenap Li Şulýan «CNPC International Turkmenistan» kompaniýasynyň baş direktory bolup durýar. «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory jenap Li Şulýan bilen söhbetdeş boldy, şol söhbetdeşligi okyjylarymyza hödürleýäris.

— Jenap Li Şulýan, golaýda biz Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň hünär baýramyny dabaraly belledik. Men şu baýramçylyk bilen ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmäge önjeýli goşant goşýan CNPC kompaniýasynyň hem işgärlerini gutlamak isleýärin.

— Gutlaglar üçin sag boluň! Ol hakykatdan-da biziň hem hünär baýramçylygymyz, biz ony türkmen kärdeşlerimiz bilen bilelikde belledik. Biziň kompaniýamyzda ýerli hünärmenleriň ençemesi zähmet çekýär. CNPC kompaniýasy 2007-nji ýylyň tomsunda Amyderýanyň sag kenaryndaky «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkde Önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşyk hem-de «Türkmengaz» DK bilen Tebigy gazy satyn almak-satmak hakynda şertnama baglaşdy.

2009-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi işe girizildi, ony gaz pudagynda Hytaýyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysaly hökmünde görkezmek bolar. Häzirki wagtda bu gaz geçirijiniň üç şahasy bolup, ol Türkmenistana, Hytaýa, şeýle hem ulgamyň ugrunda ýerleşen beýleki ýurtlara peýda getirýär.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu gaz geçirijini «Häzirki zamanda Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi» diýip atlandyrdy, ol hakykatdan-da ykdysady hyzmatdaşlygyň ýoly, Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky dostluk we medeni hyzmatdaşlyk ýoly bolup durýar.

Gaz geçirijiniň ulanylmaga berlen wagtyndan bäri 2020-nji ýylyň noýabryndaky ýagdaýyna görä Hytaýa iberilen tebigy gazyň jemi mukdary 283 milliard kubmetre barabar boldy. Şol sanda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkden 102 milliard kubmetr iberildi, «Türkmengaz» DK — 181 milliard kubmetr gaz ugratdy. Munuň özi Hytaýyň türkmen tebigy gazyny uly möçberde satyn alýan döwlete öwrülendigini ýene bir gezek tassyklaýar.

— Hytaý Halk Respublikasynyň daşky gurşawy goramak, ekologiýa taýdan arassa energiýany peýdalanmaga geçmek babatda alyp barýan syýasaty «mawy ýangyja» bolan islegiň kesgitleýji şerti bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, bu ugurda duran möhüm wezipeleri çözmek üçin Hytaýyň energetika howpsuzlygynyň täze strategiýasy işlenip taýýarlanyldy, nebitgaz pudagynda özgertmeler amala aşyrylýar. Bu möhüm işde türkmen gazyna nähili orun berýärsiňiz?

— Ekologiýa taýdan arassa tebigy gaz Hytaýyň strategik saýlany bolup durýar. Çaklamalara görä, 2030-njy ýyla çenli Hytaýyň satyn alýan tebigy gazynyň mukdary (şol sanda turba arkaly akdyrylýan we suwuklandyrylan tebigy gaz) 270 milliard kubmetre baryp ýeter. Hytaýyň gaz bazary örän uly. Türkmen gazynyň Hytaýa gelip başlamagy bilen kömrüň ulanylyşy azaldy, bu bolsa, ýurdumyzda ekologiýany ep-esli gowulandyrmaga mümkinçilik berdi.

— Siziň kompaniýaňyz Türkmenistanda nähili inžener-tehniki hyzmatlary ýerine ýetirýär?

— Bu ugurda biziň kompaniýamyz uly işleri amala aşyrýar. 2020-nji ýylyň oktýabr aýyndaky ýagdaýyna görä, CNPC Türkmenistanda 170-den gowrak guýy burawlap, ýerleriň geologiýa şertlerini göz öňüne tutýan täsin tehnologiýalaryň birnäçesini işläp taýýarlady we ornaşdyrdy. Burawyň üstünliginiň koeffisiýenti 100 göterime deňdir.

«Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkde birinji nobatdaky gurluşygyň başyndan ýokary hilli harytlyk gazyň önümçiligine çenli bary-ýogy 17 aýyň içinde amala aşyryldy. Umuman, Amyderýanyň sag kenarynda uglewodorod çig malynyň gorlaryny gözlemek, kesgitlemek hem-de senagat taýdan özleşdirmek bilen bagly bolan geologiýa-gözleg we buraw işleriniň uly möçberi ýerine ýetirildi. Bu ýerde ýataklaryň onlarçasy ýüze çykaryldy, Samandepe ýatagynda we Hojambaz etrabynda gazy gaýtadan işleýän zawodlaryň ikisi, önümçilik, logistika we durmuş düzümli desgalar guruldy.

Şeýle hem «Galkynyş» gaz käninde guýulary burawlamak we gazy gaýtadan işleýän zawody gurmak boýunça işler bellenilen möhletden öň ýerine ýetirildi. Şu we beýleki önümçilik desgalaryny işe girizmek dabarasy 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda geçirildi.

— Jenap Li Şulýan, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň geljegi size nähili görünýär?

— Häzir biziň kompaniýamyz Hytaýda nebiti we gazy uly möçberde öndürýän hem-de ugradýan kompaniýa bolmak bilen çäklenmän, eýsem, köpugurly halkara energetika kompaniýasy hem bolup durýar. Häzir CNPC dünýäniň iri korporasiýalarynyň 500-siniň sanawynda dördünji orny eýeleýär.

CNPC özara bähbitlilik we bilelikdäki ösüş ýörelgeleriniň esasynda uzakmöhletli we ygtybarly hyzmatdaşlygy berkitmäge, şol sanda turba boýunça akdyrylýan gazyň we suwuklandyrylan tebigy gazyň bazardaky bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de Hytaýda tebigy gazyň sarp ediş bazarynda paýyny artdyrmak maksadynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyr.

Şu ýyl biziň korporasiýamyz «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägiň gündogar bölegindäki gaz ýataklaryny ulanmaga bermegiň taslamasynyň ikinji tapgyryny amala aşyrmaga girişdi. Tomusda biz Günbatar Joramergen ýatagynda gurluşyk işlerine başladyk. Biziň halklarymyzyň ählumumy abadançylygynyň we bagtly geljeginiň hatyrasyna «Türkmengaz» döwlet konserni bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge taýýardygymyzy bellemek isleýärin.

— CNPC durmuş taslamalaryna näderejede üns berýär?

— Biz bu meselä aýratyn üns berýäris. Soňky on ýylyň içinde biz ýerli ilat üçin iş orunlarynyň 22 müňden gowragyny döretdik, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryny ösdürmek we maýyp adamlara kömek etmek üçin uly möçberde maýa goýduk.

Kompaniýamyzyň ýardam etmeginde çuňňur hormatlanylýan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri — «Ganatly bedewler», «Döwlet guşy», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» hytaý diline terjime edildi we neşir edildi. Şu ýylyň oktýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitaby hytaý dilinde neşir edildi. Onuň tanyşdyrylyş dabarasy Aşgabatda, soňra bolsa Pekinde geçirildi.

— Jenap Li Şulýan, beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Işiňizde üstünlikleri arzuw edýäris!

— Sag boluň! Pursatdan peýdalanyp, çuňňur hormatlanylýan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, döwlet işinde üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa rowaçlyk, bagtyýarlyk, şatlyk we abadançylyk arzuw edýärin!

                                       Ussa USSAÝEW,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.

Başga habarlar
168417a294664b.jpeg
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda işiniň jemleri jemlenildi

4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.


1683d6e767e160.jpeg
Aşgabatda Türkmenistanyň ýaş ekologiýaçylarynyň bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Aşgabadyň “Şamelek” toý mekanynda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäräni Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy we “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde geçirildi.


168353d3db6ef7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengeologiýa” DK-a uglewodorod serişdeleriniň gözlegini netijeli dowam etmegi tabşyrdy

23-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.

1682ad504341b5.jpeg
Hökümet mejlisinde gaz pudagynda sanlylaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy

17-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.


16823832b81854.jpeg
Sagdyn jemgyýet — sagdyn durmuş

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» DK-nyň guramaçylygynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly maslahata toplumyň düzümlerinde zähmet çekýän işgärleridir hünärmenleri gatnaşdy.