Ýyldyrymyň güýç birligi
Tebigy hadysalar daşdan seredeniňde gözelligi, täsinligi döredýärler. Ýöne şol bir wagtda hem olar golaýdan örän howpludyrlar.
Eýsem tebigat täsinliginiň we gözelliginiň biri bolan ýyldyrymda näçe güýç jemlenýärkä? Barlaglar ýyldyrym urgusynyň mümkin bolan güýjüniň 100 million wolta barabardygyny tassyklaýar. Ýyldyrym urgusy 60 kilometr aralykda bolup geçip bilýär. Ýyldyrym çakmasy gök gürlemesiniň öňünden hem, soňundan hem bolup geçip bilýär. Şol sebäpli ýyldyrymy ýagyşdan öň hem, soň hem synlamak mümkindir.
Ylmy maglumatlar Ýer togalagynda her sekuntda 50 razrýadly ýyldyrymyň çakýandygyny tassyklaýarlar. Onuň her gezekki çakmasynyň ortaça energiýasy 500 megajoula deňdir.
Ýyldyrymyň Ýerdäki razrýadynyň tok güýji 10 — 500 müň amperdir. Güýjenmesi bolsa on millionlarça woltdan milliard woltlara ýetip bilýär.
Ýene-de bir ýagdaýy bellemelidir. Ýyldyrym energiýasy ynsanyň häli-häzire çenli gündelik durmuşynda, halk hojalygynda peýdalanyp bilmeýän energiýasydyr.
Ramazan AGAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.