Çary Gylyjow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Gylyjow Ç.B. hakynda
Gylyjow Çary Baýramowiçi, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 4-nji iýuny.
4-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowe ýüzlenip, soňky döwürde gözegçilik edýän düzümleriniň işine gözegçiligi gowşadandygyny, ilatyň sarp edýän harytlarynyň, aýratyn hem, oba hojalyk pudagynyň önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça işleriň haýal alnyp barylýandygyny nygtady. Söwda ulgamynyň, sanly ulgamy ornaşdyrmak nazara alnanda, häzirki zaman üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmek boýunça işler hem ýaramaz ýola goýlupdyr. Şonuň netijesinde, söwda ulgamynda köp sanly düzgün bozmalara ýol berilýär.
Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürmek boýunça işleriň hem ýaramaz alnyp barylýandygyna ünsi çekip, bu ugurda entek uly mümkinçilikleriň bardygyny, bu mümkinçilikleriň ýeterlik ulanylmaýandygyny aýtdy.
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.