Makalalar

Naýypdaky netijeli işler

https://www.ussatnews.com/storage/posts/3767/original-162adb8ef91456.jpeg

«Türkmengaz» döwlet konserniniň suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginde üstümizdäki ýylyň geçen bäş aýynda 47,3 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz öndürilip, bu baradaky meýilnama

105,8 göterim berjaý edildi. Harytlyk önümiň 46,4 müň tonnadan gowragy bolsa eksporta ugradyldy. Şeýle guwandyryjy görkezijileriň gazanylmagyna müdirligiň Naýypdaky suwuklandyrylan gazy öndürýän desgalar toplumynyň agzybir we işine ussat işgärleri has saldamly goşant goşýarlar.

— Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýän nebitgaz toplumyny ileri tutup ösdürmek meselelerine ýakyndan üns berýär we jogapkärli wezipeleri öňde goýýar. Biz şol belent wezipelerden ugur alyp, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ugrundaky ählihalk hereketiniň öň hatarlarynda bolmagy baş maksadymyz hasaplaýarys. Munuň üçin kämil önümçilik desgalarymyzyň kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmaga çalyşýarys. Aýma-aý gazanýan ýokary netijelerimiz bilelikde edýän tagallalarymyzyň ýerine düşýändigine aýdyň şaýatlyk edýär — diýip, öňdebaryjy toplumyň ýolbaşçysy Atageldi Kurbaniýazow alyp barýan gündelik işleri, gazanýan gowy görkezijileri barada höwes bilen gürrüň berýär.

Toplumyň başarjaň ýolbaşçysy soňra «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen döwründe gazanylan önümçilik netijeleri barada kanagatlanma bilen durup geçdi. Şanly ýylyň geçen aýlarynda toplum boýunça suwuklandyrylan gazyň 41,3 müň tonnadan gowragy öndürildi. Munuň özi bäş aýyň meýilnamasynyň 104 göterimden gowrak berjaý edilendiginden habar berýär.

Gazanylýan üstünlikde toplumda zähmet çekýän hünärmenleriň her biriniň saldamly goşandy bar. Olaryň hatarynda, ilkinji nobatda, esasy mehanik Batyr Kurbaniýazowyň, esasy tehnolog Daýanç Çaryýewiň, tehnologik gurluşlaryň operatory Atageldi Baýmanowyň, sorujy desgalaryň maşinisti Şanazar Kurbanowyň, esasy energetik Agajan Bäşimowyň atlary hormat bilen agzalýar. Olar yhlasly we başarjaňlyk bilen zähmet çekmekde kärdeşlerine gowy görelde görkezýärler.

Şeýle gaýratly, maksatlary aýdyň adamlara geljekde-de üstünlikler hemra bolar. Munuň üçin olara giň mümkinçilikler, amatly şertler döredilýär. Oňa toplumyň çäginde we Gazojak şäherinde suwuklandyrylan gazy kabul edýän, demir ýol we awtomobil çeleklerine ýükläp ugradýan desganyň durkuny düýpli täzelemek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler hem ynandyryjylykly subutnamalardyr. Gurluşykçylar işleri ýokary hil derejesinde ýylyň aýagyna çenli üstünlikli tamamlamagy maksat edinýärler. Şeýle tagallalar bolsa ýurdumyzyň ösüşlerine uly ýardam berjek önümleriň öndürilişini we sarp edijilere iberilýän möçberlerini düýpli artdyrmaga uly ýardam berer.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
16acd1beb287a4.jpeg
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär

21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.


16ab744755266a.jpeg
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi

23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.


16a7caed96ef8f.jpeg
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.

16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.


16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.