Habarlar

Lebap welaýatynda täze okuw ýylynda umumybilim berýän mekdepleriň 1-nji synpyna körpeleriň 31 müň 698-si kabul ediler

https://www.ussatnews.com/storage/posts/3775/original-162b032aebb6a9.jpeg

Lebap welaýatynda täze 2022–2023-nji okuw ýylynda umumybilim berýän mekdepleriň 1-nji synpyna körpeleriň 31 müň 698-si kabul ediler, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

Lebap welaýatynda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, okuwçylara dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim bermek, onuň üçin mümkin bolan ähli şertleri döretmek, ulgamyň maddy–enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, şeýle hem bu ulgama sanly tehnologiýany ornaşdyrmak ýaly wajyp ugurlary boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda welaýat boýunça umumybilim berýän orta mekdepleriň 383 sanysy bolup, olarda mugallymlaryň 18 müň 500-den gowragy zähmet çekýär we okuwçylaryň 313 müň 370-den gowragy bilim alýar. Welaýatda aýratyn derslere ýöriteleşdirilen mekdepleriň 35 sanysy hereket edýär. Bu mekdeplerde ýöriteleşdirilen dersler boýunça sapaklaryň çuňlaşdyrylan görnüşde okadylmagy, mekdeplere tejribeli bilim işgärleriniň işe çekilmegi özüniň oňyn netijelerini berýär. Bu mekdeplerde bilim alýan çagalar ýurdumyz boýunça we halkara derejesinde geçirilýän dürli olimpiadalarda, ylmy-döredijilik, taslama we ders bäsleşiklerinde guwandyryjy netijeleri gazanýarlar.

Şu okuw ýylynda welaýatyň bilim ulgamyna degişli umumybilim berýän orta mekdeplerini 19 müň 300 – den gowrag okuwçy tamamlady.

Başga habarlar
16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.