Bagtly günleriň gujagynda...

11:41 22.06.2022

https://www.ussatnews.com/storage/posts/3789/original-162b2b97ff3d3f.jpeg

Bagt ynsanyň öz-özüne bolan ynam-ygtykadynda, içki dünýäsiniň päkliginde, daşky gözelliginde hem-de arzuw-niýetiniň söýgi sazlaşygynda jemlenendir. Olar dutar kirişlerinden hem näzik duýgulardan ybaratdyr. Bagt sowgat berilmeýär, bagt gazanylýar. Bagt gözellikdir, bagtyň başlanýan ýeri ýüregimizdir. Sebäbi ynsanyň ýüregi söýgüden pürepür. Aslynda, biziň hemmämiz bagtly ynsanlar. Bagtymyzy görmegi başarmaly. Akyldarlaryň biri: «Bagta barýan ýol bagtly günleriň bardygyny duýmakdan başlanýar» diýýär. Hut şulary göz öňünde tutup, biz eger islesek, her günümizi ömrümiziň iň bagtly günlerine öwrüp bileris.

Bagt — Watana bolan söýgüde. Bagt — Türkmenistan Watanymyzyň goýnunda ýaşamak. Bir akyldardan: «Bagt näme?» diýip soranlarynda, «Bagt asudalykdyr» diýip jogap beripdir. Asudalyk — parahat durmuşda rahat, erkana ýaşamak, öýüň-iliň, maşgala agzalaryň abatlygy. Watany söýmek — onuň mertebesini belende galdyrmak, öz ylym-bilimiň, halal zähmetiň bilen Watanyň özgerişlerine mynasyp goşant goşmak her bir ynsan üçin bagtly pursatdyr. Ata-babalarymyzyň «Asuda öýüň duzy datly» diýşi ýaly, gazanylýan beýik ösüşleriň höziri ýurdumyzda höküm sürýän abadançylygyň, döwletimiziň ýöredýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň saýasynda has-da artýar. Watanyň her daban ýeri ezizdir, mukaddesdir.

Bagtlydygyňyzy duýup ýaşaň! Dünýäniň, tebigatyň gözel bolşy ýaly, her bir ynsan öz durmuşynyň eşretli hem manyly, gözel hem bagtly boljagyna ynanyp ýaşamaly. Aslynda, bagtly ýaşamagyň açary belli bir derejede biziň öz elimizdedir. Başgalary bagtly edip bilýänleriň özi iň bagtly ynsanlardyr. Her gün aýnada özüňizi göreniňizde, bagtly durmuşyňyzyň bardygyna ynanyp, ýylgyryp, ruhubelentlik bilen işe girişiň! Kiçijik şatlyga begenip bilýänler ruhy taýdan örän baýdyr.

Bagtyň açary zähmetde. «Bagtyň açary zähmetde» diýlen ajaýyp jümle bar. Durmuşda gabat gelýän kynçylygyň öňünde ejizlemän, şowsuzlyklary paýhaslylyk bilen çözüp, halal zähmet çekseň, üstünlik mydama hemraň bolar. Durmuşdaky her bir kynçylygyň biziň üçin täze bir çözgüt talap edýändigini, bize täze ýol görkezýändigini unutmaň! Durmuşyňyzda bolup geçýän ähli zatlary oňatlyga ýormaga, geljege bolan höwesi, ynamy özüňizde oýarmaga synanyşyň, şonda ýetilmejek menzil bolmaz. Sabyrly, kanagatly bolup, her bir eden işiňizden lezzet almagy başaryň!

Ynam üstünlikdir. Özüňize bolan söýgiňizi, ynamyňyzy daş-töweregiňizdäki adamlar duýsunlar, şonda olar hem size söýgi bilen jogap bererler. Başyny belent tutýan adamlar özlerini hemişe ynamly duýýarlar. Özüňiz hakda diňe akylly, işleri şowlaýan adamlaryň aýdan sözlerine üns beriň! Ynam edilmegi hem üstünlige eltýär. Üstünlik — bu biziň ýeten derejämize guwanmak. Akyldarlaryň belleýşi ýaly, adamy bagtly edýän öz-özüdir.

Durmuşda söýüp ýaşamagy başaryň! Danalaryň biri: «Durmuş söýgüden ybaratdyr we söýgini ýitirseň, durmuşy-da ýitirersiň» diýip belleýär. «Söýginiň bar sagadynda tutuş ömür bar» diýilýär. Söýgi seniň bagtly ýaşamagyň, ýaşamaga bolan ynamyň altyn açarydyr. «Söýüljek bolsaň söýginiň özi bol!» diýilýär. Söýmek hem söýülmek, bagtly, manyly ömür sürmek her bir ynsanyň baş arzuwy. Ýakynlaryňyza öz duýgularyňyzy aýan edip, ýüregiňizi giňeldiň! Söýgüde gabanjaňlyk, öýke-kine ýaly duýgularyňyzy aýan etmezlige çalşyň! Söýmek hem söýülmek uly bagtdyr. Şol bagtyň lezzetini duýup ýaşamagy başarsaňyz, siz bagtly ynsanlaryň biri bolarsyňyz.

Işiňizden lezzet alyň! Her bir ynsan öňünde goýan maksadyna ýetmek üçin yhlas edýär. Durmuşda halaýan hünäriňizi saýlap alan bolsaňyz, siz bagtlysyňyz. Surat çekmek, aýdym aýtmak, el işleri bilen meşgullanmak ýaly endigimiz her birimize mahsusdyr. Işleýän işiňizden ruhy lezzet alyp bilýän bolsaňyz, onda siz bagtlysyňyz. Her bir amal etjek işleriňizi akylly-başly meýilleşdiriň. Diňe oňaraýjak işleriňize baş goşuň. Eden işiňize täzeden göz gezdirip, seljermegi unutmaň. Hiç wagt umytsyz bolmaň. Ýagşy niýetli, çyn yhlasly adam irde-giçde maksadyna ýetýändir. Maksadyna, arzuwyna ýeten her bir ynsan bolsa bagtlydyr. Bagt gözellikdir, oňa mynasyp bolup ýaşamak üçin özümiz hem kalbymyz gözel bolmalydyr.

Şähdaçyklyk hemraňyz bolsun! Alymlaryň bellemegine görä, her bir pursady gowy ýaşamak we kimdir biri bilen nähili wagt geçirýändigiňize düşünmek ýeterlikdir. Lezzet alýan işiňizi ediň! Bagtly bolmak üçin halaýan işiňi edip, lezzet almak saňa şähdaçyklyk bagyş edýär. «Bu gün keýpim ýok» diýip, ruhdan düşmäň, fiziki işjeňlik, deň-duşlaryňyz bilen gowy görýän ýerleriňize gezelenje çykmak, aýdym diňlemek, gowy görýän adamlaryňyz bilen söhbetdeş bolmak keýpsizligiňizi ýeňip geçmäge goldaw bolar. Gowy gören zadyňyzy iýmek, gowy görýän lybaslaryňy geýmek, özüňize serenjam bermek siziň keýpiňizi çag eder. Her biriňiziň kalbyňyz söýgüden dolup dursun! Çünki ýaşaýyş söýgi bilen gözeldir.

* * *

Her birimiziň bagtly bolmagymyz üçin bize ýakynlarymyzyň mähri, olaryň hoş sözi, sylag-sarpasy zerurdyr. «Ene üçin bagt näme?» diýip bir akyldardan soranlarynda ol: «Çagalarynyň aýagyny deňläp, ýagny gyzlaryny durmuşa çykaryp, ogullaryny öýli-işikli edip, ile goşup bilse, agtyk, çowluk, ýuwluk söýüp bilse, şondan uly bagt ýokdur» diýipdir.

Ynsan üçin öz kalbynda besläp ýören isleg-arzuwlarynyň hasyl bolmagy, myrat-maksadyna ýetmegi bagtdyr. Arzuwlaryň hasyl bolmagy üçin bolsa zähmet çekmeli. Diýmek, bagta halal zähmet bilen ýetilýär. Islendik işe yhlas bilen ýapyşyp bilmek arzyly menzile ýetmegiň dogry ýoly bolýar.

Ýazgül ANNAÝEWA,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
161c2261e0927e.jpeg
Ikinji stollar

Adamzadyň medeniýetli ýaşaýşynyň, aň taýdan ösüşleriniň görkezijileri bolan ilkinji iş gurallarynyň we esbaplarynyň döreýiş taryhy gyzyklydyr.


161c22f95d71d7.jpeg
INNOWASION TEHNOLOGIÝALARA DAÝANYP

Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde telekeçilige aýratyn orun berilýär.


161c229db32665.jpeg
In uly taslamalar

Adamzat taryhynda örän iri maliýe we material serişdelerini talap eden taslamalaryň durmuşa geçirilendigini biz bilýäris. Ýöne olardan has ululary haýsylary bolduka?


161c23417889a6.jpeg
Dünýäde iň giň awtomobil ýoly

Awtomobil ýollary ýükleri we ýolagçylary gatnatmakda esasy mümkinçilikleriň biri bolmagynda galýar. Dünýäniň özara ösýän ykdysady gatnaşyklary şertlerinde olaryň giňliginiň, köp zolaklylygynyň uly ähmiýeti bar.


161c221e72ca1f.jpeg
Iň arassa şäher

Dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa şäherleri ýüze çykarmak üçin Uswitch.com britan saýty dürli ýagdaýlary nazara alypdyr.