Makalalar

Täze eýýamyň gadamlary

https://www.ussatnews.com/storage/posts/3802/original-162b58c86b6503.jpeg

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň taryhynda Hormatly Preziddentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda, halkymyzyň öňünde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmek bilen bagly belent wezipeler durýar. Maksatnamada ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň öňünde durýan anyk wezipeler, işler we çäreler bellenilendir. Bu wezipeleri mynasyp amal etmek babatda ady agzalan we beýleki edara-kärhanalaryň öňünde anyk tabşyryklar goýuldy.

Hormatly Preziddentimiz Serdar Berdimuhamedow özüniň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda: «Watan diňe halky bilen Watandyr» diýip bellemek bilen, Türkmenistany Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwlet ýoly bilen ösdürmekde däp bolup gelýän asylly ýörelgelerden ugur aljakdygyny mälim etdi. Munuň özi Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň ýeneki döwürlerde hem gülläp ösjekdiginiň, dünýä döwletleri we halklary bilen ýene-de hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine daýanýan gatnaşyklaryň rowaçlanjakdygyny görkezýän ýagdaýdyr.

Biz hormatly Prezidentimiziň döwletimiz ösdürmekde alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Bahargül BEGMYRADOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

Başga makalalar
16acd1beb287a4.jpeg
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär

21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.


16ab744755266a.jpeg
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi

23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.


16a7caed96ef8f.jpeg
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.

16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.


16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.