Habarlar

Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň DIM-leriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/3812/original-162b68fde61213.jpeg

2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew, Saud Arabystanynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Walid Abdulkarim El-Hereýji ýolbaşçylyk etdiler.

Geňeşmeleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny we möhüm halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň sebit hem-de halkara durnuklylygyny berkitmek, terrorçylyk, ekstremizm, neşe serişdeleri we beýleki kanuna garşy hereketler ýaly wehimlere we howplara garşy göreşmek meseleleri boýunça giň we köpugurly syýasy-diplomatiki gatnaşyklaryny giňeldýändikleri hem-de durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki tagallalary ösdürýändikleri kanagatlanma bilen beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde özara goldawyň ähmiýeti barada nygtaldy. Saud Arabystanynyň Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy we olaryň köpüsiniň awtordaşy bolup çykyş edýändigi bellenildi. Öz gezeginde Türkmenistan hem Saud Arabystanyna goldaw berýär, şol sanda bu ýurduň öňe süren Baş Assambleýanyň birnäçe Kararnamalarynyň taslamalaryny hem-de BMG-niň dürli düzümlerine saud dalaşgärligini goldaýar.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna maýa goýumlary çekmek üçin zerur bolan şertleriň döredilmegi we artdyrylmagy, infrastruktura we öndürijilik desgalaryň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi gepleşikleriň aýratyn temasy boldy. Hususan-da iki ýurduň nebit himiýa we gaz himiýa ýaly pudaklarynda hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleriniň bardygy nygtaldy. Bu ugurda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Saud Ösüş Gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň gazanan tejribesiniň ähmiýeti bellenildi.

Taraplar medeni we ylmy gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmeginiň, özara Medeniýet günlerini geçirmek däbini dowam etdirmegiň, iki doganlyk halklaryň arasynda ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň wajypdygyny nygtadylar.

Geňeşmelerde häzirki wagtda uly depgin bilen taýýarlyk görülýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyrjak resmi saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň baýlaşdyrylmagyna we pugtalandyrylmagyna güýçli itergi berjekdigi aýratyn bellenildi.

Soňra Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow tarapyndan kabul edildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň gerimi boýunça hem-de sebit we halkara gün tertibi bilen bagly pikir alyşdylar. Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň Merkezi Aziýada hem-de Ýakyn Gündogarda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge oňyn goşant goşýandyklary, ählumumy hereketleriň kadalaşdyrylmagyna we durnuklylaşdyrylmagyna gönükdirilen jogapkärli we öňdengörüji syýasaty alyp barýandyklary bellenildi. Söhbetdeşler syýasy-diplomatik gepleşikleri, dünýä syýasatynyň wajyp meselelerine çemeleşmäniň ugurlaryny kesgitlemek bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi ylalaşdylar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasaryna Türkmenistanyň “EKSPO-2030” Bütindünýä sergisiniň geçirilýän ýeri hökmünde Saud Arabystanynyň dalaşgärligini goldamak barada çözgüde gelendigini we bu ählumumy çärä taýýarlyk görmek bilen bagly ýardamlary berjekdigini habar berdi.

Başga habarlar
16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.