Eni-niň türkmen nebitini satyn almak boýunça bäsleşiginde SOCAR Trading ýeňiji boldy
“SOCAR Trading” Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň golçur kärhanasy “Eni Turkmenistan” tarapyndan öndürilen türkmen nebitini satyn almak boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldy. Bu barada Argus Media habar berýär.
Bäsleşigiň netijesinde “SOCAR Trading” kompaniýasy “ENOC”, “Vitol’, “Rosneft”, “Lukoil” we “Trafigura” ýaly iri kompaniýalardan öňe saýlandy.
“SOCAR Trading” 2017-nji ýyldan bäri Türkmenistanda “Vitol” kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýan nebit söwdasyny özüniň iş ugurlarynyň arasyna geçirdi.
Geçirilen üýtgeşmeler, esasan, Baku-Tbilisi-Jeýhan nebit ugry boýunça daşalýan çig malyň mukdarynyň artmagyna, şeýle hem Mahaçkala we Noworossiýsk arkaly üpjünçiligiň degişli derejede azalmagyna getirip biler.
Maglumata görä, “Eni Turkmenistan” 2021-nji ýylda Ekerem ýatagyndan alynjak nebitiň aýda 30-40 müň tonnasyny eksporta ibermegi meýilleşdirýär. Ýanwar-noýabr aýlarynda bu nebitiň Türkmenistandan eksporty 341 müň tonna çenli ýokarlandy, geçen ýyl bu görkeziji 310 müň tonna deň boldy. Bu möçberleriň ählisi tankerler arkaly Mahaçkala ugradylýar, ondan soňra Noworossiýke iberilýär.
Ussat news
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.