ABŞ daşary ýurtlara strategiki ätiýaçlygyndan nebit iberýär - HBS
Şu ýylyň iýun aýynda ABŞ strategiki nebit gorundan 5 mln töweregi nebit eksport etdi diýip, habar beriş serişdeleri gümrük statistikasynyň we çeşmeleriň maglumatlaryna esaslanyp habar berýär.
Interfaksyň amerikan gümrükhanasynyň maglumatlaryn esaslanyp, habar bermegine görä, 470 müň barrel nebit Italiýanyň Triestine Tehasdaky ammardan iberildi. Triestden Merkezi Ýewropadaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlara nebiti ýetirýän turba geçiriji geçýär.
Total Energies fransuz nebit kompaniýasynyň bölümi Atlantic Trading & Marketing her biri 560 müň barrelden iki tapgyr eksport etdi diýip, gümrük maglumatlary tassyklaýar.
Strategik ätiýaçlyklardan ýükler şeýle hem Niderlandlara we Hindistandaky Reliance nebiti gaýtadan işleýän zawodlara iberildi diýip, häkimiýetden çeşme habar berdi.Strategik ätiýaçlyklardan ýangyjyň eksport edilmegi günbatar hyzmatdaşlarynyň rus ibermelerinden el çekmeginiň netijesinde olaryň ýitgileriniň öwezini dolmaga synanyşygy aňladýar.
Şol bir wagtda nebitiň daşary ýurtlara iberilmegi ABŞ-da benziniň hem-de dizel ýangyjynyň bahasynyň birden ýokarlanmagy bilen baglylykda Prezidenti Jo Baýdeniň ýagdaýyny kynlaşdyrýar diýip, habar beriş serişdeleri habar berýär.Geçen aýda ABŞ-da nebitiň strategik ätiýaçlyklary 1986-njy ýyldan bäri iň aşak derejä ýetdi diýip habarlarda aýdylýar.
Şu ýylyň mart aýynyň ahyyrnda Baýden bazara ýurduň strategik goorlaryndan geljek alty aýyň içinde her gün ortaça 1 mln barrel nebit iberjekdigini habar berdi.Amerikanyň Prezidentiniň sözlerine görä, bu taryhda ABŞ-nyň strategik nebit ätiýaçlyklarynyň iň uly möçberde bölünmesidir.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.