Bag-bosanly paýtagtymyz
Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly halkara Güwänamanyň gelip gowuşmagy barada buşluk hoş habaryny ýetirmegi her birimiziň ýüregimizi joşdurdy.
Birleşen Milltler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Ak şäherimize gowşurylan bu Güwänama, esasan, Arkadagly Serdarymyz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, şu ýylyň mart aýynda bütin ýurdumyz boýunça guralan ählihalk bag ekmek dabarasynyň esasynda berlendir. Ýöne sözüň giň manysynda ol ýurdumyzda mähriban Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ýurdumyzyň Ekologiýa syýasatynyň, Ekologiýa diplomatiýasynyň halkara derejesinde giňden ykrar edilýändiginiň güwäsidir.
Seýilgähleriň, seýilbaglaryň, tokaýlyklaryň döredilmegi ýurdumyzda şu günki abadan ekologiki gurşawyň döredilmegi bilen birlikde gözel tebigatymyzy geljek nesiller üçin abadan ýagdaýda miras goýmaga tarap ädilen möhüm ädimdir. Bir düýp bagyň birnäçe adamyň bir gije-gündiziň dowamynda dem almagy üçin zerur bolan kislorody öndürip, howany arassalaýandygy ylymda ykrar edilen hakykatdyr. Döwletimiz tarapyndan diňe bir Aşgabat şäheriniň çäginde däl-de, bütin ýurdumyz boýunça tebigaty gök guşak bilen örtmek babatda syýasat durmuşa geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasyna baştutanlyk etdi. Bu belent wezipäni amal etmegiň barşynda, Türkmenistanyň gurap barýan Aral deňzini halas etmek bilen bagly öňe süren teklipleri bilen birlikde bu deňziň guramagy bilen bagly sebitde dörän oňaýsyz we ýaramaz ekologiki şertleriň kadalaşdyrylmagy üçin köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek bilen bagly başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir. Bu döwletli başlangyjyň Türkmenistanyň çäginde beren oňaýly netijeleri esasynda bu işi görelde edip alan goňşy ýurtlaryň sany barha artýar.
Ajaýyp döwrümizde obadyr şäherlerimiziň abadançylygy, olaryň gök baglara bürenip oturmagy bilen bir hatarda Garagum sähramyzyň tebigy ösümlikler gorunyň goralyp saklanylmagy ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Muňa, hususan-da, sazak, gandym ýaly sähra ösümlikleriniň tokaýlyklaryny emeli usulda ösdürip ýetişdirmek bilen bagly durmuşa geçirilýän işler aýdyň mysaldyr.
Şeýlelikde, gözel paýtagtymyzyň «Şäherlerdäki baglar» atly halkara Güwänamana mynasyp bolmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz döwletimizde durmuşa geçirilýän Ekolohiýa syýasatynyň, Ekologiýa diplomatiýasynyň dünýä ähmiýetlidigini, nusgalykdygyny subut edýän beýik hakykatdyr.
Biz ýurdumyzyň halkara abraýyny barha belent basgançaklara çykarýan Arkadagly Serdarymyz Serdar Berdimuhamedowa jan saglyk, döwletli işlerinde mundan beýläk-de üstünlik arzuw edýäris.
Muhammedaly KERIMOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär
21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.