Türkmenistanyň Prezidenti gallaçy daýhanlary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmegi mynasybetli gutlady
Hormatly hasyl ussatlary!
Merdana gallaçy daýhanlar!
Sizi sahawatly türkmen topragyndan gallanyň bol hasylyny öndürip, Watan harmanyna 1 million 500 müň tonna golaý galla hasylyny tabşyrmak bilen, şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli berjaý etmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ussat kärendeçilerimiziň, hususy önüm öndürijilerimiziň, mehanizatorlarymyzyň, alymlarymyzyň, galla hasylyny ösdürip ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri alyp barýan her bir adamyň agzybirlikli, yhlasly çeken zähmeti netijesinde şeýle belent sepgide ýetildi.
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da berkitmek üçin gallanyň bol hasylynyň öndürilmeginde gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşinde welaýatlarymyzyň etraplaryndaky gallaçylyk hojalyklarynyň, hususy önüm öndürijileriň, öňdebaryjy gallaçy daýhanlaryň we ähli oba hojalyk işgärleriniň her biriniň mynasyp goşandy bardyr. Biz daýhanlarymyzyň öndürijilikli zähmet çekmekleri, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamaklary üçin ähli zerur şertleri döredýäris.
Edermen gallaçylar!
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda ykdysady, syýasy we medeni taýdan uly ösüşler gazanylýar. Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşleriň täze belentliklerine göterilýän häzirki döwründe oba hojalygyny ýokary depginler bilen ösdürmek hem-de özgertmek, ony iň bir girdejili pudaklaryň birine öwürmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen daýhanyna döwletimiz tarapyndan öndürijilikli işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürip, ýokary zähmet netijelerini gazanmaga, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär.
Ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmekde we ýokary depginler bilen ösdürmekde, ene topragymyzyň berekedini artdyrmakda, gurplulygyny ýokarlandyrmakda netijeli işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletimizde düýpli özgertmeleriň giň gerimde durmuşa geçirilmegi, mähriban halkymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi we eşretli durmuşda ýaşamagy üçin edilýän aladalaryň ählisi biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämiziň ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly oba zähmetkeşleri!
Siz bereketli türkmen topragyndan bugdaýyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmek ugrunda gujur-gaýratyňyzy gaýgyrman zähmet çekýärsiňiz. Siziň çekýän halal zähmetiňiz netijesinde ata-babalarymyzyň bize miras goýan kämil daýhançylyk tejribesi häzirki döwrüň ekerançylyk usullary bilen utgaşdyrylyp, oba hojalygynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, gallaçylyk pudagynda hem uly zähmet ýeňişleri gazanylýar.
Häzirki döwürde ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň oba hojalyk pudagyny has-da kämilleşdirmek, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryny yzygiderli satyn almak, topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler bilen üpjün etmek hem-de ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Bu işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy esasynda ýerden bol hasyl almakda daýhanlarymyzyň gazanýan ýokary netijeleri bizi örän buýsandyrýar. Oba hojalygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler önümçiligiň, şol sanda onuň gallaçylyk pudagynyň yzygiderli ösdürilmegine, şeýle-de oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna uly ýardam edýär.
Siziň oba hojalygynda geçirilýän maksatnamalaýyn işleriň netijesinde şu ýyl köp yhlas we zähmet siňdirilip ýetişdirilen galla hasylyny iň soňky dänesine çenli zaýa etmän, doly ýygnap aljakdygyňyza hem-de täze ýylyň bol hasylynyň düýbüni şu günlerden mäkäm tutjakdygyňyza pugta ynanýaryn.
Hormatly hasyl ussatlary!
Edermen gallaçy daýhanlar!
Bereketli topragymyzda gallanyň bol hasylyny ýetişdirmekde tutanýerli zähmet çeken we ýokary netijeleri gazanan ussat gallaçylarymyzy hem-de oba hojalyk işgärlerimizi, ýetişdirilen galla hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almakda, ony ammarlara daşamakda yhlasly işlän kombaýnçylarymyzy, sürüjilerimizi, ähli watandaşlarymyzy gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, ata-babalarymyzyň şöhratly daýhançylyk däplerini dowam etdirip, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady.
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
12-nji martynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Türkmenabatda kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň döredijilik agşamy geçiriler
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde 11-nji martda Türkmenistanyň halk artisti, M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, alym, pedagog, görnükli kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň (1946-2025) hatyrasyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirler.
Balkanabatda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşurldy
Halkara zenanlar günine bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň her bir künjeginde bolşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem şatlykly dabaralaryň bady tutulýar.
Türkmen şahyrlary Burýatiýanyň edebi neşirinde
Ýaňy-ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Burýatyýa Respublikasynyň milli kitaphanasy tarapyndan neşir edilýän «Северо-Муйские огни» atly awtorlyk edebi žurnalyň N122 (2026-njy ýyldaky 1-nji sany) okyjylara gowuşdy.