«Tiz hyzmat» Türkmenistanyň bazaryny ýokary hilli kömelekler bilen üpjün edýär
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Tiz hyzmat» hususy kärhanasy il arasynda gelin kömelekleri diýip tanalýan şampinýonlary ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.
Kärhanada geçen ýylyň noýabr aýynda ilkinji hasyl ýygnalypdyr. Şol döwürde her aýda 3 tonna hasyl alnan bolsa, eýýäm, häzirki wagtda bu görkeziji iki esse ýokarlanyp, her gün 200 kilograma golaý, her aýda bolsa 6 tonna golaý önüm öndürilip, önüm öndürmegiň ösüş depgini 2 essä ýakyn artdyrylypdyr. Ýetişdirilen kömelekler bir kilogramlyk ýörite gaplara ýerleşdirilip, ak bazarlarda we söwda nokatlarynda alyjylara hödürlenýär. Şonuň bilen birlikde kärhanada kömelekler 0,5 litrlik çüýşe gaplara marinadlanan görnüşinde gaplanylýar we satuwa ugradylýar.
«Tiz hyzmat» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Almansur Orazowyň aýtmagyna görä, kömelekleri ýetişdirmek aýratyn takyklygy we ylmy esasda çemeleşmegi talap edýär. Kömelekler oba hojalyk galyndylaryny gaýtadan işlemegiň netijesinde, ýörite taýýarlanan kompostda ösdürilip ýetişdirilýär. Bu dökün hem kärhanada bugdaý samanyny çüýredip, gerekli mikroelementlere baý bolan galyndylara garmak bilen taýýarlanýar. Garyndy 80 gradus temperatura çenli gyzdyrylandan soňra, hakyky kompost döküni emele gelýär. Bu yzygiderliligiň 21 günlük hysyrdyly zähmeti talap edýändigini hem aýtmalydyrys. Kömelek tohumy Fransiýadan satyn alynýar we ýörite ammarlarda – aýratyn şertlerde saklanylandan soňra önümçilige ugrukdyrylýar. Kömelekler emeli ýagyş arkaly suwarylýar we ýyladyşhanadaky temperatura 25-den 17 gradus aralygyndaky ýylylykda saklanylýar. Olaryň ösüp çykýan gatlagy 5 santimetr galyňlykdaky torf bilen örtülýär. Häzirki wagtda torf Russiýa we Eýran döwletlerinden getirilýär. Kärhanada geljekde onuň ornuny tutup biljek serişdäni taýýarlamak işleriniň alnyp barylýandygyny belläp geçmek hem buýsançlydyr. Kömeleklere tehnologiki we gigiýeniki talaplara laýyklykda berk düzgün-tertip esasynda ideg edilende olar 45 – 50 günde ýetişýärler. Şeýle hem kömelekleriň kadaly ösmekleri we ýetişmekleri üçin suw bilen üpjünçiligi aýratyn ähmiýete eýedir. Ösüş döwründe bir kilogram kömelek bir gije – gündiziň dowamynda 2 litr suw talap edýär. Suwuň sähelçe ýetmezçilik ýa-da artykmaçlyk etmegi diňe bir hasylyň mukdaryna däl, onuň hiline-de ýaramaz täsir edýär.
«Tiz hyzmat» hususy kärhanasynda taýýar önümleriň ammarlarda – ýörite sowadyjylarda saklanmagy olary terligine we ýokary hil derejesinde alyjylara hödürlemäge mümkinçilik berýär.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.