Habarlar

Hormatly Prezidentimiziň adyndan birinji synp okuwçylara kompýuterleri gowşurmak dabaralary başlandy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/411/original-15fe1bb9156565.jpeg

21 dekabrda paýtagtymyzyň orta umumybilim berýän mekdeplerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan birinji synp okuwçylara Täze ýyl sowgady hökmünde kompýuterleri gowşurmak dabaralary geçirildi.

Noutbuklara ýüklenen programma dürli öwrediş işlerini ýerine ýetirýär hem-de türkmen, rus we iňlis dillerindäki üç görnüşi özünde jemleýär. Mundan başga-da, täze kompýuterler olaryň eýeleriniň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp öndürildi we lukmançylyk talaplaryna kybap gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her ýyl birinji synp okuwçylaryna özbaşdak kompýuterleri 2011-nji ýyldan başlap sowgat berýändigini bellemek gerek.

Täze ýyl başlanýança kompýuterleri sowgat gowşurmak dabaralary ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň mekdeplerinde hem geçiriler.

Ussat news

Başga habarlar
16a60f59134cef.jpeg
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar

"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.


16a5f344e54b8b.jpeg
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.


16a5a13df218be.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.

16a5863310decb.jpeg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.


16a53e165189bc.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.