Geçen hepdäniň birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Özbegistanyň işewürleri arassalanan benzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzini we uçar kerosinini satyn aldylar. Özbegistanyň hemde BAE-niň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi we tehniki ýody satyn aldylar.
Türkiýäniň hem-de Gyrgyzystanyň telekeçileri bolsa nah ýüplügi we boýalan tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 29 million 727 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Hindistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 9 million 724 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 3 million 960 müň manatlyk “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.