Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna gatnaşdy
1-nji sentýabrda, Bilimler we talyp ýaşlar güni paýtagtymyzda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky, VII gurultaýy geçirildi.
Ýaşlar forumynyň dowamynda geçen döwrüň içinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berlip, Berkarar döwletiň täze Galkynyş eýýamynda Guramanyň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlendi, birnäçe guramaçylyk meselelerine seredildi.
Gurultaýa gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň täze düzümini, onuň ýolbaşçylaryny saýladylar. Guramanyň Merkezi geňeşiniň başlyklygyna Ýazpolat Keriýew, onuň orunbasarlygyna bolsa, Döwletgeldi Durdymuhamedow saýlanyldy.
Ata Watanymyzyň mukaddes garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna gabatlanan foruma hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetlini aýdyň görkezdi. Arkadagly Serdarymyz ýaş türkmenistanlylara maksatnamalaýyn sözi bilen ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyzyň Ýaşlar guramasynyň öňünde goýan wezipeleriniň hatarynda ýaşlary watançylyk, raýat jogapkärçiligi, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, onuň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarhyklaryny doly açyp bilmegi, ýaş türkmenistanlylaryň jemgyýetçilik-şahsy başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek, olaryň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak, jemgyýetçilik birleşiklerine işjeň gatnaşmaga bolan höwesini artdyrmak üçin ähli şertleri döretmek ýaly wezipeler bar.
Bellenilişi ýaly, ýokary tehnologiýalardan baş çykarýan giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmek, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen meşgullanmagy üçin zerur bolan şertleri üpjün etmek bu ugurda amala aşyrylýan işleriň esasy wezipeleri bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda döredijilik bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi barada hem aýdyldy .
Ýaş nesliň ynsaplylylyga we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylygy esasy ýörelgeler hökmünde kesgitlendi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow islendik döwletiň we jemgyýetiň durnukly we sazlaşykly ösmeginiň ylym bilen üznüksiz baglydygyny nygtap, ylmy-barlag institutlaryň, ýokary okuw mekdepleriň, Ylymlar Akademiýasynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň alyp barýan işleriniň ähmiýetini belledi.
Ýaşlar guramasy ýaş nesli zähmetsöýer ruhda terbiýelemek boýunça netijeli işleri geçirmelidir diýip nygtamak bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýaş türkmenistanlylaryň ene-atanyň, halkyň we ýurduň öňündäki mukaddes borçlaryny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekligine hem-de ata Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine tutanýerli zähmet çekjekligine berk ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini tassyklamagy taryhy ähmiýetli waka öwrüldi. Bu Kanunyň kabul edilmegi ýaşlar syýasaty babatda ýurtda geçirilýän syýasatyň hukuk binýadyny has-da berkidip, ýaş nesil üçin döredilýän mümkinçilikleri artdyrmaga ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şu waka hem-de Arkadagly Serdarymyzyň döwletiň türkmen ýaşlaryna ata Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýanlygy barada aýdan sözleri gurultaýa gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen kabul edildi.
Paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde Aşgabatdan we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan dürli pudaklaryň, şol sanda nebitgaz toplumynyň wekilleriniň ýygnanandygyny bellemek gerek, toplumyň edaradyr kärhanalarynda ýaşlaryň köpsanlysy zähmet çekýär.
Gurultaýa gatnaşyjylara çykyş etmek üçin ilkinjileriň hatarynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň “Türkmennebit” Döwlet konserniniň ýanyndaky şahamçasynyň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni Hakmyrat Kişjikowa söz berildi. Nebitgaz pudagynyň wekili Arkadagly Serdarymyzyň ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin her bir ýaş türkmenistanlynyň bilim almaga we kämilleşmäge bolan höwesiniň ähmiýeti barada aýdan paýhasly sözleriniň ýaşlarda öz zehinlerini hem-de bilimde, ylymda we zähmetde ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge bolan isleglerini has-da artdyrýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda häzirki döwürde “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmeginiň möhümdigi aýratyn bellenildi.
Hakmyrat Kişjikowyň nygtaýşy ýaly, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzibir agzalary Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň şahsy göreldesinden ruhlanyp, geljekde hem ýaş nesliň arasynda taze taryhy eýýamda ýurdumyzyň beýik gazananlaryny, ata Watanymyzyň parahatçylyksöýüjilikli içeri we daşary syýasatyny wagyz etmäge işjeň gatnaşar.
Şeýlelikde, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky gurultaýy garaşsyz bitarap Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka öwrülendigini, türkmen ýaşlarynyň döwlet Baştutanymyzyň töwereginde agzybir we jebis bolup, özygtyýarly Watanymyzyň bagtly şu gününiň we röwşen geljeginiň bähbidine köptaraplaýyn mümkinçiliklerini amala aşyrmaga ymtylýandygyny aýdyň görkezdi.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.