Habarlar

Nebitgaz toplumynda polimerlere bolan isleg we maýagoýumlary artýar

https://www.ussatnews.com/storage/posts/421/original-15fe327e2e792b.jpeg

Ýakynda wideoaragatnaşyk boýunça geçiren iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça möhüm wezipeleriň birnäçesini kesgitledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň energetika syýasatynyň baş maksady bar bolan baý tebigy serişdelerimizi has netijeli peýdalanmakda, nebitgaz toplumynyň durnukly ösüşini üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny artdyrmak üçin önümçilik we ylmy-tehniki mümkinçilikleri giňeltmekde jemlenýär.

Nebitgaz senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmaga uly möçberde maliýe serişdeleri goýberilýär. Şeýlelikde, şu ýylyň 11 aýynda pudakda özleşdirilen maýalaryň umumy möçberi 7,1 milliard manatlykdan gowrak boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 492 million manat köpdür.

Umuman ýurdumyz boýunça nebitiň we gaz kondensatynyň 8,7 million tonna golaýy, şeýle hem tebigy we ugurdaş gazyň 62,3 milliard kubmetrden gowragy gazylyp alyndy. Şunda eksporta «mawy ýangyjyň» 31 milliard kubmetre golaýy iberildi. Şonuň bilen birlikde daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän suwuklandyrylan gazyň öndürilen möçberi 231 müň tonna deň bolup, 2019-njy ýylyň degişli döwründen 42,3 müň tonna köp boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda pudagyň kuwwatyny has-da artdyrmak, netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak we daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Hususan-da, «Türkmennebit» Döwlet konserni «Tatneft» jemagat paýdarlar jemgyýeti bilen Goşmaça ylalaşyk baglaşdy, ol 2028-nji ýyla çenli Goturdepe ýatagynda guýulary düýpli abatlamak we ýer gatlaklarynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça işleriň dowam edilmegini göz öňüne tutýar.

Täze şertnamanyň çäklerinde önümçilik maksatnamasyny giňeltmek göz öňünde tutulýar, oňa “Goturdepenebit” nebitgaz çykaryjy müdirliginiň ýene birnäçe nebit ýataklary goşular. Jemi 250 guýyny düýpli abatlamak meýilleşdirildi. Döwrebap nebitgaz çykaryjy enjamlaryny, awtomatika we telemehanizasiýa serişdelerini ornaşdyrmak türkmen hyzmatdaşlarynyň işiniň möhüm ugry bolup durýar. Häzirki wagtda nebit geçiriji nasos-kompressorly turbalary anatlamak boýunça taslama amala aşyrylýar, şeýle hem “Tatneftiň” hünärmenleri ýatagyň sanly nusgasyny döredýärler.

Synymyzy dowam etmek bilen, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda awtomobil benzininiň dürli görnüşleriniň 1,7 million tonnadan gowragynyň hem-de dizel ýangyjynyň 1,65 million tonnadan gowragynyň taýýarlanandygyny bellemek gerek. Bu önümleriň agramly bölegini daşary ýurtly kompaniýalar satyn aldylar.

Gyýalydaky polimer zawodynda öndürilýän polietileniň satuwy 3 esseden gowrak artdy. Şu ýylyň 10 aýynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen bu önümiň 140 müň tonna golaýy ýerlenildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 95 müň tonna köpdür.

Alyjylaryň hatarynda Russiýanyň, Owganystanyň, BAE-niň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri bar. Ýeri gelende aýtsak, şu ýyl türkmen polimerleriniň Türkiýä hem-de Günoprta-Gündogar Aziýa, şol sanda Hindistana we Pakistana iberilýän möçberi ep-esli artdy.

Halkara analitiki kompaniýalarynyň bilermenleri dekabrda dünýä bazarlarynda polipropileniň bahasynyň ýokarlanyp başlandygyny belleýärler. Bu ýagdaýy biz TDHÇMB-de hem görýäris. Mysal üçin 8-nji dekabrda geçirilen söwdalaryň barşynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileniň 3,5 müň tonnasy satyldy, onuň bir tonnasy üçin 1 müň 46 dollar nyrh kesildi. Şunda başlangyç baha 920 dollara deň boldy.

Umuman, tebigy gazyň we nebithimiýa önümleriniň eksportyndan gelip gowşan gyzyl pul ABŞ-nyň 4,13 milliard dollaryndan gowrak boldy.

Ussat news

Başga habarlar
168417a294664b.jpeg
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda işiniň jemleri jemlenildi

4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.


1683d6e767e160.jpeg
Aşgabatda Türkmenistanyň ýaş ekologiýaçylarynyň bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Aşgabadyň “Şamelek” toý mekanynda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäräni Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy we “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde geçirildi.


168353d3db6ef7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengeologiýa” DK-a uglewodorod serişdeleriniň gözlegini netijeli dowam etmegi tabşyrdy

23-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.

1682ad504341b5.jpeg
Hökümet mejlisinde gaz pudagynda sanlylaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy

17-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.


16823832b81854.jpeg
Sagdyn jemgyýet — sagdyn durmuş

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» DK-nyň guramaçylygynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly maslahata toplumyň düzümlerinde zähmet çekýän işgärleridir hünärmenleri gatnaşdy.