Ekeremiň edermen burawlaýjylary
«Türkmennebit» döwlet konserni ýurduň ykdysadyýetinde iri önümçilik-hojalyk toplumy bolup, ol nebitgazly ýataklarda gözleg-barlag işlerini geçirmegi we olary işläp taýýarlamagy alyp barmak bilen, pudagyň ösüşiniň esasy maksatnamalarynyň toplumlaýyn çözgüdini tapmagyna mynasyp goşandyny goşýar.
Arkadagly Serdarymyz döwlet Baştutany wezipesinde işläp başlan ilkinji gününden bäri ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça kabul edýän Kararlarydyr çözgütlerinde, beýleki düzümler bilen bir hatarda, bu konserniň kuwwatyny has-da artdyrmagyň hem-de işini ýokarlandyrmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny aýratyn nygtaýar. Munuň özi konserniň pudaklaýyn düzümleriniň önümçilik wezipelerini yzygiderli ýerine ýetirip, kärhanalaryň maliýe-ykdysady görkezijilerini we düşewüntliligini ýokarlandyrmak wezipesini öňe çykarýar. Şundan ugur alýan konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň buraw işleri müdirlikleriniň hünärmenleri şu günler «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ruhuna laýyk işleri bitirmek üçin has-da gaýratly zähmet çekýärler.
Tutuş trest boýunça geçen ýedi aýda gazuw işleri tamamlanyp, uglewodorod çig mallaryny çykaryjylara tabşyrylan jemi 20 sany guýynyň 19-synyň ulanyş maksatly guýulardygy hem bu ugurda has belent sepgitlere ynamly gadam urulýandygyndan habar berýär. Şu ýylyň geçen hasabat döwründe «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça senagat taýdan özleşdirilýän ýataklardan 2 million 123 müň tonna golaý «gara altynyň», 2 milliard 613 million kubmetre barabar «mawy ýangyjyň» çykarylyp, bellenilen meýilnamalaryň degişlilikde 101,1 göterim we 115,3 göterim berjaý edilmeginde hem burawlaýjylaryň mynasyp paýy bar. Bu ugurda arka atylan ýedi aýda «Ekerem» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri has-da netijeli işler bitirmegi başardylar.
Soňky ýyllarda konserniň buraw işlerini alyp barýan müdirlikleri Germaniýada, ABŞ-da, Hytaýda we Russiýada öndürilen iň täze enjamlardyr desgalara eýe boldular. Ugurdaş kärhanalary bilen birlikde, «Ekerem» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri hem Hytaýdan we Russiýadan satyn alnan täze, has kuwwatly buraw desgalaryny netijeli işletmegiň hötdesinden gelýärler. Bu kämil enjamlardyr kuwwatly buraw desgalarynyň 7000 metre çenli çuňluk geçmäge ukyplydygyny aýratyn nygtamak gerek. Hut şu ýagdaýyň özem miosen gatlaklaryndaky nebitiň täze çuň ýataklaryny açmaga we özleşdirmek üçin elýeter gorlaryň möçberlerini ep-esli giňeltmäge ygtybarly esas döredýär. Bar bolan mümkinçilikleri ýerlikli ulanmagy başarýan bu müdirlikde şu ýylyň geçen ýedi aýynda Günbatar Türkmenistanyň uglewodorod çig mallaryna baý ýataklarynda gazuw işleri üstünlikli amala aşyrylan ulanyş maksatly guýularyň bäşisi önümçiliklere tabşyrylyp, bellenilen meýilnama abraý bilen amal edildi.
— Her bir işe juda oýlanyşykly çemeleşýän Arkadagly Serdarymyzyň türkmen nebitçileriniň öňünde goýýan belent wezipelerine mynasyp iş bilen jogap bermek biziň baş maksadymyz. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şu ýylynyň geçen ýedi aýynda ýurdumyzyň günbatar sebitindäki Uzynada, Keýmir, Ekerem, Altyguýy, Demirgazyk Goturdepe ýataklarynda gazan guýularymyz ýokary netijeliligi biien tapawutlandy. Uzynadada gazan taslama çuňlugy 6 müň 750 metre barabar bolup, «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligine tabşyran 77-nji belgili guýymyz her gije-gündizde 91 tonna barabar «gara altyn» we 75 müň kubmetre deň «mawy ýangyç» berýär.
Ýylyň başyndan bäri «Keýmir», «Gamyşlyjanebit», «Goturdepenebit» NGÇ müdirliklerine tabşyran 80-nji, 94-nji, 140-njy we 350-nji belgili ulanyş maksatly guýularymyz hem bu gün uglewodorod çig mallarynyň bol möçberlerini eçilýär. Müdirligimizde bar bolan buraw toparlarynyň jemi 14-siniň 9-sy häzir dürli ýataklarda täze guýularyň gazuw işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Galan bäşisi bolsa şu günler täze nebitgazly ojaklara göçürilýär. Öwez Gurbanow, Gurbandurdy Amandurdyýew, Röwşen Garaýew ýaly halypa ussalar tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän buraw toparlarymyz bellenen maksatlara ýetjekdigimize ynamymyzy artdyrýar — diýip, «Ekerem» buraw işleri müdirliginiň baş geology Myrat Gurbanberdiýew buýsanç bilen aýdýar.
Hojaberdi BAÝRAMOW,
Ussatnews.com.
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär
21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.