Makalalar

Geljege gönükdirilen gerimli işler

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4308/original-16329ef09c31ed.jpeg

— Hormatly Prezidentimiz halkyň bähbidini hemme zatdan ileri tutýar, ilatyň abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Şonuň netijesinde düýpli özgerişler bolup geçýär. Bu diýýänlerime biziň etrabymyzyň mysalynda hem doly göz ýetirmek bolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda diňe ilatly ýerleri gazlaşdyrmak bilen baglanyşykly ýerine ýetirilen işler-de haýran galdyryjydyr. Şolaryň netijesinde iri etrabymyzyň ilatyna «mawy ýangyç» elýeterli boldy. Şeýle wajyp işe biziň işgärlerimiz hem ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar — diýip, «Kerkietrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň başlygy Marat Hojaýew gürrüň berýär.

Söhbetdeşimiziň aýdýanlaryny Garaşsyzlyk ýyllaryndan ozal etrabyň ilatynda tebigy gazdan peýdalanmak mümkinçiliginiň bolmandygy hem aýdyň tassyklaýar. Häzirki wagtda etrapda gaz geçirijileriň umumy uzynlygy 842 kilometrden hem aşýar. Şeýle-de etrapda gaz paýlaýjylaryňdyr gaz sazlaýjylaryň umumy sany 480-e golaýlaýar. Bu kuwwatlyklaryň hasabyna etrabyň ilatly ýerleri, senagat kärhanalary we medeni-durmuş maksatly binalary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilýär.

Şeýle oňyn ýagdaýy gazanmak üçin bolsa gaz üpjünçilik ulgamynyň saz işlemegini gündelik gözegçilikde saklamak, şeýle-de geljege gönükdirilen işleri maksatlaýyn alyp barmak talap edilýär. Bu diýýänlerimize etrabyň çäginde umumy uzynlygy 25 kilometre barabar bolan ýokary basyşly gaz geçirijiniň durkuny täzelemek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler aýdyň mysallaryň biridir. Şu döwre çenli bu möhüm iş 9,5 kilometre golaý aralykda ýerine ýetirildi. Şonda öňki turbalar geçirijiligi has ýokary bolan turbalar bilen çalşyryldy. Bu işleri galan çäkde hem doly berjaý etmek maksat edinilýär. Şeýle tagallalar hususy hojalyklaryň tebigy gaz bilen üpjünçiligini has gowulandyrmaga ýardam berýär.

Edaranyň ýolbaşçysy golaýda etrabyň Çekir geňeşliginde ýene bir gaz sazlaýjy enjamyň oturdylandygyny hem habar berdi. Bu çäre ilatyň «mawy ýangyç» bilen kadaly üpjün edilmegini gazanmaga gönükdirilendir. Sebäbi obalarda ilatyň sany ýyl-ýyldan artýar, täze ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Şeýle guwandyryjy ýagdaýa etrabyň Astanababa şäherçesiniň mysalynda magat göz ýetirip bolýar. Bu ýerde täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryna tebigy gaz eltmek maksady bilen ýakyn wagtlarda uzynlygy 3700 metre barabar bolan gaz geçirijisiniň gurluşyk işine girişiler. Şeýle tagallalar ýakyn döwür içinde bagtyýar maşgalalaryň ýene-de onlarçasynyň ojaklarynda tebigy gazyň alawlap başlajakdygyndan habar berýär.

Gürrüňi edilýän gaz hojalyk edarasynda dürli hünärli işgärleriň 90-dan gowragy agzybirlik bilen zähmet çekýär. Hünär ussatlygynyň ýokarydygy olaryň wezipe borçlarynyň belentliginde bolmaklaryny şertlendirýär. Ak ýürekden, yhlasly zähmet çekip, kärdeşlerine görelde görkezýänleriň hatarynda daşary gaz geçiriji gullugyň slesary Allamyrat Döwranow, öý içeri enjamlary gullugynyň slesary Arkadiý Meredow, awariýa-dispetçer gullugynyň sargytlary kabul edijisi Döwlet Hezzetow, gazy hasaba almak we ýerleşdirmek gullugynyň barlagçysy Şazada Haitowa hem-de beýlekiler bar. Olar ilat bilen ýakyn aragatnaşykda bolup, gaz enjamlarynyň talabalaýyk ulanylmagyna, ýangyçdan howpsuz peýdalanylmagyna netijeli gözegçilik edýärler. Şeýle-de hojalyklaryň ählisinde gaz ölçeýji enjamlar oturdylyp, olaryň takyk işledilmeginiň gazanylýandygyny-da ýokarda beýan edenlerimiziň üstüne goşasymyz gelýär. Şonuň hasabyna-da bahasyz baýlygymyzyň tygşytly sarp edilmegi gazanylýar.

Gyş paslynda işimiziň gerimi has giňelýär. Howanyň sowuk aýlarynda etrabymyzyň ilatynyň jaýlarynyň ýyly bolmagyny gazanmak üçin şu döwre çenli zerur çäreleriň uly toplumyny durmuşa geçirdik. Şeýle işleri geljekde hem üstünlikli dowam etdirip, jogapkärli pasly taýýarlykly garşylarys — diýip, Marat Hojaýew ynam bilen aýdýar.

Mämmet GYLYJOW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.


169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.


1699c18b017e55.jpeg
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.

16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.