Habarlar

Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze merkezinde metjidiň guruljak ýeriniň kesgitlenilmeginiň hormatyna toý sadakasyny berdi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4405/original-163417fbfacb6a.jpeg

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döreden ajaýyp kitaplary üçin düşen galam haky serişdeleriniň hasabyna Ahal welaýatynyň täze merkezinde metjidiň guruljak ýeriniň kesgitlenilmeginiň hormatyna toý sadakasyny berdi. Anna gününde berilen toý sadakasynyň yslam dünýäsiniň beýik şahsyýeti Muhammet pygamberiň doglan gününe gabat geldi.

Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzyň ýaşulularynyň hem-de din wekilleriniň adyndan amal edýän sogap işleri üçin hoşallyk beýan edildi we ähli asylly başlangyçlaryň üstünliklere beslenmegi Beýik Biribardan dileg edildi.

Soňra hajy Arkadagymyz toý sadakasyna gatnaşýanlara ýüzlenip, metjit gurmak ýol çekmek, köpri we beýleki durmuş maksatly desgalary gurmak ýaly asylly işdir.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow: “Ähli ediljek doga-dilegler hasyl bolup dolansyn! Türkmen topragynda hemişe bagtyýarlyk, abadançylyk höküm sürsün!” diýip, sözüni jemledi.

Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykandan soňra, toý sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi.

Asylly däbe görä, ýygnananlara milli tagamlar hödür edildi. Nahardan soň, toý sadakasyna gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň röwşen geljeginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň bähbidine Gahryman Arkadagymyzyň başlan ähli asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirmegini Beýik Biribardan dileg etdiler.

Soňra şu günki berlen toý sadakasynyň hem-de aýat-töwirleriň Allanyň dergähinde kabul bolmagy dileg edildi.

Başga habarlar
16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.